2026-njy ýylda dünýäniň web trafiği, milliardlarça adamyň maglumat gözleýiş, wideo tomaşa ediş, aragatnaşyk saklaýyş we onlaýn söwda ediş usullaryny kesgitleýän kiçi platformalar toparynyň elinde jemlendi. “Google” we “YouTube” henizem internete bolan ünsüň deňsiz-taýsyz uly bölegini öz elinde saklap, ähli bäsdeşlerinden ep-esli öňe geçýärler.
Şunuň bilen birlikde, liderleriň düzümi kem-kemden üýtgeýär. “ChatGPT” dünýäniň iň köp girilýän saýtlarynyň hataryna girdi we bu ýagdaý emeli aň (EA) gurallarynyň tehnologik täzelikden gündelik iş guralyna çenli bolan ýoly nähili çalt geçendigini aýdyň görkezýär.
“Semrush” tarapyndan ýanwar aýy üçin berlen maglumatlara görä, reýting şu günki sanly landşafty haýsy kompaniýalaryň kemala getirýändigini görkezýär. Gözleg ulgamlary we wideo platformalary internet işjeňliginiň esasy bolmagynda galýar. Diňe bir “Google”-yň özi özünden soňky gelýän bäş saýtyň jeminden hem köp trafik çekýär, “YouTube” bolsa dünýäniň esasy wideo merkezi hökmündäki statusyny berkitmegini dowam edýär.
Ilkinji ýigrimilige beýleki gözleg platformalary hem girýär: “Bing” (1,9 milliard gezek girilen) we “DuckDuckGo” (1,8 milliard). Hatda “Yahoo” hem iki domen — “yahoo.com” (2,3 milliard) we “yahoo.co.jp” (1,8 milliard) arkaly öz ornuny saklaýar, bu bolsa gözleg we portal hyzmatlarynyň durnukly gymmatyny subut edýär.
Iň uly özgerişleriň biri “ChatGPT”-niň peýda bolmagydyr. 2026-njy ýylyň ýanwaryndaky 5,5 milliard gezek girilme sany bilen bu platforma dünýäde bäşinji orny eýeleýär – ol “Reddit” (5,1 milliard), “Wikipedia” (4,3 milliard) we X-den (3,8 milliard) öňe geçdi.
“ChatGPT” ilkinji gezek 2024-nji ýylyň başynda – işe girizileninden bir ýyldan sähel gowrak wagt geçenden soň ilkinji on bäşlige giripdi. Onuň bu çalt ýokary galmagy, EA gurallarynyň tekst ýazmakdan we barlag geçirmekden başlap, programirlemä we pikirleri döretmä çenli gündelik iş amallaryna nähili çuňňur ornaşandygynyň subutnamasydyr.
Jemgyýetçilik ulgamlary (sosial platformalar) hem esasy rol oýnamagyny dowam edýär. “Facebook” (9,5 milliard gezek girilen) we “Instagram” (6,1 milliard) öňdebaryjy bäşligiň hataryna girýär, X (3,8 milliard) we “TikTok” (2,2 milliard) bolsa global auditoriýasyny saklap galýar.
Iň köp girilýän saýtlaryň arasynda elektron söwdanyň iri platformalary hem bar: “Amazon” (2,5 milliard) we “Temu” (1,6 milliard). Bu onlaýn söwdanyň gerimini aýdyň görkezýär.
Şol bir wagtyň özünde, “Netflix” (1,5 milliard) we “Weather” (1,6 milliard) dynç alyş we dessin maglumatlaryň durnukly suratda ägirt uly gaýtalanýan trafik döredýändigini görkezýär.
Umuman alanyňda, sanawda ozalkysy ýaly amerikan kompaniýalary agdyklyk edýär – olar ilkinji ýigrimiligiň aglabasyny eýleýär. Emma reýtingde Hytaýdan, Kanadadan we Fransiýadan platformalaryň hem bolmagy häzirki zaman sanly ekoulgamynyň global häsiýetini nygtaýar.