Ahalteke aty
Müňýyllyklardan bäri Köpetdagyň eteginde ösdürilip ýetişdirilen at tohumydyr. Ahalteke aty köp tohumlary ösdürip ýetişdirmäge täsir eden tohumlaryň iň gadymysydyr. «Çölüň hakyky atlary» hasaplanýan bu atlar suwsuzlyga çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Inçeden uzyn aýaklary, näzikden çeýe bedeni, Gün nuruna ýalkym saçýan gyzgylt-mele reňki gamyşgulak türkmen bedewiniň özüne mahsus aýratynlygydyr. Akyllylygy, duýgurlygy, endikdir häsiýeti bilen eýesiniň söýgüsini gazanýandygy, eýesine wepalylygy bu atlaryň şöhratyny arşa ýetirýär. Dünýäniň iň owadan atlarynyň hatarynda hasaba alnan ahalteke atlary gözellik bäsleşiklerinde, görkezme çykyşlarydyr sport ýaryşlarynda baş baýraklara mynasyp bolýar. Ahalteke atlary dünýä atşynaslary tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýän arassa ganly tohum atydyr.
Arap aty
IV-VII asyrlarda Arap ýarym adasynyň çäginde ösdürilip ýetişdirilen atlaryň gadymy tohumydyr. Arap aty bütin dünýäde meşhurdyr. Olar 100 kilometrden gowrak aralyga çapyp bilýändigi hem-de suwsuzlyga çydamlylygy bilen tapawutlanýar. Arap aty, esasan, at çapyşyklarynda, dynç alýanlar üçin gezerli at hökmünde, şeýle hem sport ýaryşlarynda giňden peýdalanylýar. Arap atynyň beýleki tohumlardan tapawudy konkaw kellesinden we uly gözlerinden başga-da, atyň dürli tizlikde ýokary göterýän «horaz» guýrugydyr.
Orlow aty
Tizligi we çydamlylygy bilen tapawutlanýan rus atlarynyň iň meşhur tohumydyr. Bu tohum XVIII asyryň ahyrynda graf Alekseý Orlow tarapyndan ösdürilip ýetişdirilýär. Sazlaşykly häsiýeti bilen Orlow atlary araba ýaryşlarynda, bökmek we gözellik ýaryşlarynda uly meşhurlyk gazanýar. Bedeniniň menek-menek öwüşgini, inçeden uzyn aýaklary, owadan beden gurluşy bu tohumyň özüne mahsus aýratynlygydyr.
Don aty
XVIII-XIX asyrlarda Russiýa Federasiýasynyň häzirki Rostow sebitiniň çäginde ösdürilip ýetişdirilen at tohumydyr. Don tohumynyň esaslary sähra görnüşindäki atlardan ybarat bolup, uzak wagtlap gündogar seçgiçilik usullary esasynda kämilleşdirilip, şu wagtky görnüşine getirilýär. Tohumyň häzirki zaman wekilleriniň reňki gyzyl we goňur bolup, köplenç guýrugy garamtyl ýa-da altynsow bolýar. Don atlary bökmek we triatlon ýaryşlaryna giňden gatnaşdyrylyp, gezim üçin we çagalara at münmegi öwretmekde hem ulanylýar.
Holşteýn aty
Bu nemes atlarynyň gadymy tohumlarynyň biridir. Ilkibaşda bu at nemes daýhanlary tarapyndan ýetişdirilip, güýçlüligi, ygtybarlylygy, şeýle hem batyrlygy üçin harbylar tarapyndan ýokary baha berildi. Soňra dürli seçgiler esasynda gowy gylyk-häsiýetli, özboluşly hereketli, inçeden uzyn bedenli holşteýn atynyň täze tohumy döredildi. Holşteýn güýçli gulluk atlarynyň we goşunda münülýän atlaryň içinde meşhurlyk gazandy. Holşteýn tohumynda dürlüligiň ýokdugy sebäpli, ýaýran ýerleri beýle giň däldir. Holşteýn atlary bökmek ýaryşlarynda, dürli görkezme çykyşlarynda uly meşhurlyk gazandylar.
Hannower aty
Bütin dünýäde Hannower tohumy adynyň baş harpy bolan «H» görnüşindäki brendi bilen tanalýar. Ýewropada iň köp ýaýran arassa ganly bu tohum 1735-nji ýylda seçilip alynýar. Hannower atlary sport ýaryşlarynyň bezegi bolup, halkara sergilerde, bökmek we at esbaplary bilen bezemek, şeýle hem şaý-sep dakmak (geýinmek) ýaryşlarynyň köpüsinde öňdäki orunlary eýeleýär.
Iberiýa aty
Iberiýa at tohumynyň dörän ýeri Ýewropanyň uly bölegini emele getirýän Iberiýa ýarym adasydyr. Häzirki wagtda iberiýa atynyň iki görnüşi bar: «Andalus» we «Lusitano». Dogabitdi owadanlygy, syratlylygy, çeýeligi sebäpli, bu atlar köplenç dürli çykyşlarda, sirkde, gözellik bäsleşiklerinde, konkur ýaryşlarynda ulanylýar.
Şaýr aty (iňlis ýük çekijisi)
Bu tohumyň atlary belent boýy we ýokary ýük çekijiligi bilen tapawutlanýar. Şaýr aty iňlisleriň iň gadymy tohum atlarynyň biridir. Bu atlaryň äpet göwresi bolup, boýy ortaça 178 santimetre, agramy 1100 kilograma çenli ýetýär. Aýaklaryndaky «ak pürçükleri», uzyn ýaly we guýrugy, owadan ýöreýşi şaýr atlarynyň meşhurlygyny artdyrýar. Şaýr Angliýada köp duş gelýän at tohumydyr.
Fýord aty
Norwegler tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen fýord atlary dünýädäki iň gadymy we iň arassa at tohumlarynyň biridir. Tohumyň gelip çykyşynyň Aziýanyň gadymy ýabany atlary, Przewalskiniň atlary bilen baglanyşyklydygy çaklanylýar. Fýord atynyň boýy 150 sm töweregi bolup, asyl häsiýetini we reňkini saklaýan az gabat gelýän tohumlaryň biridir. Fýordlar çydamlylygy, güýçlüligi we adamlar bilen hoşniýetli gatnaşykda bolmak bilen meşhurlyk gazandy. Fýord at tohumynyň aýratynlyklaryndan biri, olaryň takmynan 90 göteriminiň goňur reňkde bolmagydyr. Fýordlar atçylyk mekdeplerinde giňden ulanylýar.
Maral JUMANOWA,
Türkmenabat şäheriniň 18-nji orta mekdebiniň mugallymy.