Demir ýol menzilleri uzak ýola barýan ýolagçylar bilen olary ugradýan ýakyn hossarlarynyň duşuşýan
ýeri hasaplanýar. Ýolagçylaryny menzillerden menzillere aşyrýan, geňligi we owadanlygy bilen haýrana goýýan ajaýyp demir ýol menzilleri baradaky käbir maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.
Kuala Lumpur wokzaly. Iňlis arhitektorlarynyň XIX asyryň ahyrynda Hindi-Got stilinde guran bu demir ýoly häzirki wagtda şäher otlulary üçin duralga hökmünde ulanylýar. Adamlar şäheriň merkezi demir ýol menziline diňe uzak ýola rowana bolmak üçin däl, eýsem, onuň kaşaň gadymy nagyşlar bilen çekilen ak köprüsini synlamak üçin hem barýarlar.
Hua Hin wokzaly. Belki, sanawdaky beýleki demir ýol menzilleriniňki ýaly uly we ajaýyp binasy ýok bolsa-da, Taýlandyň paýtagty Bangkokdan 4 sagat uzaklykda ýerleşýän wokzal açyk reňkleri bilen tapawutlanýar. Tai we Wiktoriýa stillerini birleşdirip döredilen bu beket sary, ak we gyzyl reňkler bilen dizaýn edilipdir. Bir wagtlar şa maşgala agzalarynyň garaşylýan otagy bolup hyzmat eden Fra Mongkut Klao atly kiçijik köşk wokzalyň arka tarapynda ýerleşýär. Bu beket ýolagçylar üçin ulanylmasa-da öňünde duran bug lokomotiwi ajaýyp peýzažy döredip, jahankeşdelere surata düşürmek üçin ajaýyp mümkinçilik hödürleýär.
Grand merkezi terminaly. ABŞ-nyň iň uly ýolagçy gatnadýan bu bekedi her ýylda 82 million ýolagça hyzmat edýär. Bu menzil şäherara gatnaýan otlular bilen şäher metrosyny «duşuşdyrýar». Syýahatçylar üçin ajaýyp ýer hasaplanylýan bu ýeriň dizaýny «Beaux Arts» studiýasy tarapyndan taýýarlanypdyr. Ýolagçylaryň garaşylýan zalynyň iç tarapynda özboluşly uly sagat ýerleşdirilipdir. Bu demir ýol menziliniň içinde meşhur restoranlar, SPA-merkezleri we beýleki dynç alyş ýerleri bar.
Helsinki merkezi wokzaly. 1904-1914-nji ýyllarda fin arhitektory Eliel Saarinen tarapyndan «Art Nouveau» stilinde gurlan wokzalyň öň tarapynda gapynyň iki gapdalynda dört sany ägirt uly granit heýkeller oturdylypdyr. Emil Wikstrýomyň ýasan heýkelleri sferiki yşyklary saklaýan yşyklandyryş hökmünde hyzmat edýär. Şäherara we uzak aralyga gatnaýan otlular bu ýerden ugur alýar. Mundan başga-da binada Helsinkiniň metro bekedi bolan Rautatientori metrosynyň girelgesi ýerleşýär.
Çhatrapati Şiwaji terminaly. Hindistanyň iň köp adamly demir ýol menzillerinden biri bolan Mumbaý şäherindäki taryhy demir ýol menzili 2004-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. Hindistanyň milli gahrymany Çhatrapati Şiwajiniň ady dakylan demir ýol menzili 1890-njy ýylyň ahyrynda şa zenan Wiktoriýanyň tagtynyň şanly 50 ýyllyk ýubileýi mynasybetli gurlupdyr. Bu ýer Hindistanyň esasy halkara söwda porty hasaplanylýar.
Antwerpen merkezi wokzaly. Belgiýanyň 116 ýyllyk demir ýol menzilinde 1980-nji ýyllarda abatlaýyş işleri geçirilýär. Bu taryhy binanyň girelgesindäki ägirt uly gümmezi, polat we aýnadan ýasalan aýlawly meýdançasy syýahatçylaryň ünsüni çekýär. Bu ýere baran myhmanlar kafede garbanmagy hem kem görmeýärler.
Maputo wokzaly. «Beaux Arts» stilinde gurlan bu bina Afrikanyň günorta-günbataryndaky ýurtlary birleşdirýän merkezdir. Mozambigiň paýtagty Maputadaky menzilde aýna gapylary we demir bezegleri bilen tapawutlanýan gadymy otlularyň muzeýi hem bar. Beket 1910-njy ýylyň 19-njy martynda işe girizilipdir.
Ýungfrauýoh bekedi. Ýungfrauýoh-Aletç-Biçhorn sebiti 2001-nji ýylda Alp daglarynda ilkinji bolup dünýäniň medeni mirasy hökmünde ykrar edildi we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Onuň içinde Ýewropanyň iň beýik demir ýol menzili bolan 3454 m belentlikde ýerleşýän adybir Ýungfrauýoh demir ýol menzili bar. Belentde ýerleşýändigi üçin oňa «Ýewropanyň depesi» hem diýilýär. Menzilde buz köşgi, audiowizual görkeziş we Alp gözleg sergisi bar. Mundan başga-da bu ýerde ýolagçylary özüniň ajaýyp aýna diwarly restoranyn we ýadygärlikleri jemleýän dükanlar bar. Syýahatçylar Ýungfrauýohdan Mönçýoçdaky külbä howa ýagdaýy sebäpli diňe aprel-oktýabr aýlary aralygynda baryp bilýärler. Bu ýere barmak üçin Interlaken otlusyna münmeli we Alp daglarynyň gerişleriniň arasynda iki sagat ýol ýöremeli. Dag gerişleriniň arasynda ýerleşýän demir ýol menziline baranlar dagyň çür depesindäki obserwatoriýa baryp, asman giňişligini has ýakyndan synlamagy hem unutmaýarlar.