«Forbes» žurnaly «Unforgettable» syýahatçylyk kompaniýasy bilen bilelikde dünýäniň iň owadan 50 obasynyň sanawyny taýýarlady. Sanawyň başynda Angliýanyň Glosterşir graflygyndaky Biberi obasy bar. Gözel tebigatly obada syýahatçylara niýetlenen kafe we restoran ýaly ýerler bar. Sanawyň ilkinji onlugyna giren ýerleriň 8-si Ýewropada ýerleşýär. Awstriýanyň Hallştatt obasy ikinji, Norwegiýanyň Nurlann sebitiniň Lofoten adasyndaky Reýne obasy üçünji bolupdyr. Şeýle hem sanawda Githorn (Niderlandlar), Gasadalur (Farer adalary, Daniýa), Iýa (Gresiýa), Burtanž (Niderlandlar), Kotor (Montenegro), Sirakawa-go (Ýaponiýa) we Batad (Filippinler) bar.
Alyhan NAZAROW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.