Dünýäniň iň sowuk yklymy Antarktida bolsa-da, Ýer togalagynyň iň sowuk şäheri Ýakutsk hasaplanýar. Ýakutsk Russiýanyň uzak gündogar sebitinde, Lena derýasynyň çep kenarynda, Tuýmaada jülgesinde ýerleşýär. Bu şäher gyşyna 3-4 sagatlyk Gün şöhlesiniň ýalkym saçmagy bilen tapawutlanýar. 122 inedördül kilometr meýdany eýeleýän şäheriň 336 müň töweregi ilaty bolup, esasan, dag-magdan işleri bilen meşgullanýarlar. Şäheriň howa guşaklygy kontinental bolup, ýylylyk derejesi -60 derejä çenli peselýär. Ýakutskda iýun aýynda hem gar ýagýan wagtyna gabat gelmek bolýar. Şäherde demir ýol ulgamy bolman, buz ýollarda diňe awtobuslar we mikroawtobuslar hereket edýär. Sowuk şäheriň esasy ulag serişdesi paýtun bolup, ýerli ýaşaýjylar hojalyk işlerinde ata, suguna goşulan arabalardan peýdalanýarlar.
Ýakutsk barada gyzykly maglumatlar:
Bu şäher şeýle bir sowuk welin, 10 dereje sowuk howa şäher ýaşaýjylary üçin «yssy» hasaplanýar.
Ýakutsk nebite, altyna, göwhere we başga-da gymmatly metallara baý şäher bolup, ýaşaýjylaryň esasy käri dag-magdan işleri hasaplanýar.
Şäheriň bazarynda esasy iýmit hökmünde et we balyk satylyp, oba hojalyga degişli önümler sowuk şäherde ösdürilip ýetişdirilmeýär.
Ýakutskda ýaşaýjylar azykdyr gök önümleri zaýalanmazlygy üçin däl-de, saň-gaty bolup doňmazlygy üçin sowadyjyda goýýarlar.
Dünýäniň iň sowuk şäheriniň Ýakutskdygyny ýokarda belläpdik. Dünýäniň iň sowuk ilatly ýeri bolsa, Saha Respublikasynyň Oýmýakon obasydyr. Ýakutskdan 700 kilometr çemesi uzaklykda ýerleşýän bu ýerde şu wagta çenli howanyň iň sowuk derejesi 1933-nji ýylda hasaba alnypdyr. Şonda howanyň temperaturasy -67,8 derejä ýetipdir.