Koreýa Respublikasynyň hökümeti Ýongin şäherinde “Korea Semiconductor Manufacturing Company” KSMC diýlip atlandyrylýan dünýäniň iň uly ýarymgeçiriji önümçiligi boýunça toplumynyň gurluşygyny tassyklady. Bu toplum alty sany uly çip öndürýän zawody, üç elektrik stansiýasyny, materiallar, enjamlar we zerur ätiýaçlyklar bilen üpjün etmek bilen meşgullanýan onlarça kärhanany birleşdirer. Onuň meýdany 7,28 inedördül kilometr bolar diýip, “Tom’s Hardware” neşir ýazýar.
“Yongin Semiconductor” ýarymgeçiriji önümçiligi boýunça toplumyň gurluşygy 2026-njy ýylyň dekabrynda başlar. Bu maksat bilen Koreýa Respublikasynyň hökümeti ýollar, suw we elektrik üpjünçiligi ýaly möhüm infrastrukturalary ösdürip başlar. “Ýongin Semiconductor” toplumynyň Günorta Koreýanyň ýarymgeçiriji pudagyny ösdürmekde möhüm ädim boljakdygy nygtalýar. Bu ýerde “Samsung” we “SK hynix” ýaly dünýäniň iň uly çip öndürijileri, şeýle hem 60-dan gowrak kiçi we orta kärhanalar işlär. Bir sebitdäki şeýle bileleşik öndürijiler bilen üpjün edijileriň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik döreder. Şeýle hem täze tehnologiýalaryň ösüşini çaltlandyryp, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrar.
Bu taslama 300 trillion won (takmynan, 203,75 milliard dollar) hususy maýa goýumlaryny çekip, 1,6 million iş ýerini döreder diýlip çaklanylýar. Senagat desgalaryndan başga-da, toplumyň çäginde işçiler üçin ýaşaýyş jaýlary gurlup, talaba laýyk şäherçe bolar.