“Rolls-Royce” kompaniýasy äpet “UltraFan” atly uçar hereketlendirijisini öndürendigini mälim etdi. Bu motor awiasiýa pudagynda howa ýetirilýän zyýanyň azaldylmagyna hem ýardam eder. Äpet hereketlendirijiniň kiçi hem-de uly uçarlara oturdylyp bilinjekdigi mälim edildi. Diametri 140 dýuým (3,56 metr) bolan “UltraFan” häzirki wagtda iň uly uçar motory hasaplanýan “General Electric GE9X”-den 5 göterim has uly. “Rolls-Royce Civil Aerospace” kompaniýasynyň başlygy Kris Kolerton geljek ýyl bu motory ýüz göterim arassa ýangyç çeşmesi bilen synagdan geçirip görjekdiklerini mälim etdi. Bu hereketlendiriji ýangyjyň netijeliligini artdyryp, howa goýberilýän zyýanly gazlary azaltmaga ýardam eder. Şeýle hem bu motoryň gibrid we wodorod ýangyjy bilen işlemäge hem mümkinçiliginiň boljakdygy bellenilýär. “UltraFan” has ýeňil materialdan ýasalypdyr. Şeýle hem bu motoryň çykarýan sesiniň hem 35 göterim azaldylandygy mälim edildi. “Rolls-Royce” äpet “UltraFan”-lary 2030-njy ýyllardan başlap, täjirçilik maksatly uçarlara oturdar.
Ýakup Çaryýew, Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň talyby
PDF









