Soň­ky ýyl­lar­da aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni art­dyr­ýan Hy­taý­da dün­ýä­niň iň uly ýel be­ke­di­niň gu­rul­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Ýur­duň gü­nor­ta-gün­do­ga­ryn­da ke­nar­dan bir­nä­çe metr uzak­lyk­da gu­rul­jak äpet uly Ýel tur­bi­na fer­ma­sy­nyň ýyl­lyk önüm­çi­lik kuw­wa­ty 43,3 gi­ga­wat (GW) bo­lar. Bu gör­ke­zi­ji Nor­we­gi­ýa­da sarp edil­ýän ener­gi­ýa ba­ra­bar. Gu­an­dun we­la­ýa­tyn­da­ky ke­nar­ýa­ka Ça­oç­žou­da ke­nar­dan 75 ki­lo­metr uzak­da gu­rul­jak su­wüs­ti ener­gi­ýa fer­ma­sy 10 ki­lo­metr­lik meý­dan­da gur­lar. Tur­bi­na­la­ry gu­rul­jak Tai­wan bo­ga­zyn­da yzy­gi­der­li ýel öwüs­ýär. Bu bol­sa, ener­gi­ýa be­ket­le­ri­niň has ne­ti­je­li iş­le­me­gi­ne ge­ti­rer. Ge­çi­ri­len bar­lag­lar­da bu ýer­de gu­rul­jak ýel tur­bi­na­la­ry gün­de or­ta­ça 12 sa­gat he­re­ket eder.
Ägirt uly tas­la­ma­nyň gur­lu­şy­gy­na 2025-nji ýyl­dan ozal baş­lan­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň iň uly ýel be­ke­di hem Hy­taý­da bo­lup, Szýu­su­an şä­he­ri­niň ka­na­ryn­da­ky bu be­ke­diň önüm­çi­lik kuw­wa­ty ýyl­da 20 gi­ga­wa­ta ýet­ýär.

La­çyn My­ra­do­wa, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by