“Shift Robotics” kompaniýasy “Moonwalkers” atly aýakgap döretdi. Täze aýakgabyň aşagy tigirçekli bolup, adaty konkilerden tapawutlanýar. Aslynda “Moonwalkers” aýakgap däl-de, islendik aýakgabyň aşagyna geýdirilýän “goşundy” hasaplanýar. Kiçijik motorjygy bolan bu önümi ýörite kemerleri bilen aýakgabyň aşagyndan berkitmeli. Şeýlelikde, edil rolik süren ýaly ondan peýdalanyp bolýar. Emma roliklerden tapawutlylykda hereket etmek üçin  bedeniň bilen öňe ymtylmak hökman bolman, adatdaky ýaly ýöräbermeli. Degişli sensorlar ulanyjynyň ýöreýiş tizligine görä, deňagramlylygy ýitirmezden, has çalt ýöremäge mümkinçilik berýär. Bu “goşundyny” islendik ýerde – nätekiz ýollarda, basgançakdan düşende ýa-da münende hem geýip bolýar. “Moonwalkers” bilen sagatda 11 kilometr tizlik bilen ýöräp bolýar. Enjamyň bir gezekki zarýady bilen 10 kilometr ýol geçip bolýar. Enjamyň bahasynyň 1399 dollardan satuwa çykarylandygy mälim edildi.

Merdan Kakalyýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby