Dünýäniň iň uzyn urkaçy iti hökmünde Minni atly nemes dogy ykrar edildi. ABŞ-nyň Konnektikut ştatyndan bolan bu jandaryň rekordy resmi taýdan hasaba alyndy: onuň gerşinden ölçelendäki boýy 97,5 santimetre deň boldy. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitaby habar berýär.
Itiň eýeleri Ken we Liza Nogaçek Minniniň güjük wagty adaty, hatda kiçijik bolandygyny gürrüň berdiler. Emma soňra ol örän çalt ösüp başlapdyr we eýýäm bir ýaşynda agramy, 16 kilograma ýetipdir.
Boýuny ölçemek işi aňsat bolmady. Ken Nogaçegiň aýtmagyna görä, iti dogry ýagdaýda saklamak üçin birneme hilegärlik ulanmaly bolupdyr – munuň üçin Minniniň iň gowy görýän süýjüligi bolan pisse ýagy berlipdir.
Täze rekord eýesi öňki titul eýesini – Floridadan bolan Lizzi atly iti birnäçe santimetr yza galdyrdy. Şol bir wagtda, ähli itleriň arasyndaky iň ýokary görkeziji heniz hem eýýäm aradan çykan kanadaly dog Morgana degişli bolmagynda galýar.
PDF









