Şweýsariýa dünýäniň iň uzyn ýolagçy otlusy boýunça rekord goýdy. Predadan Bergene ugur alan iki kilometrlik otly Retisk demir ýolunyň iň gözel ýerleriniň biri bolan Albula-Bernin ugry boýunça syýahat etdi. 2008-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen bu ugur 22 tunelden we 48 köprüden geçýär. Bu syýahat bir sagatdan gowrak dowam edip, 25 kilometr ýoly külterledi.

Retisk demir ýolunyň ýolbaşçylary jemi 100 wagondan ybarat 25 otlyny birleşdirip, demir ýol gatnawynyň 175 ýyllygyny bellemegi we dünýä rekordyny goýup, syýahatçylaryň ünsüni özüne çekmek kararyna geldi. Üstünlikli geçen bu synagda otlyny dolandyrýan alty sürüjiniň hereketleriniň sazlaşygy aýratyn bellenmäge mynasyp boldy.

-Koronawirus pandemiýasynyň iki ýylynda haryt dolanyşygynyň 30%-ini ýitirdik, şonuň üçin ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen ajaýyp ýolumyz hakda dünýä jemgyýetçiliginiň habarlylygyny ýokarlandyrjak gowy wakany tapmaga synanyşdyk – diýip, Retisk demir ýolunyň baş direktory Renato Faşiati belleýär.

Otlynyň uzynlygy iň uzyn Landwasser tuneliniň uzynlygyndan, (680 metr) takmynan, üç esse köp bolup, otlynyň ondan geçýän pursaty tomaşaçylary haýran galdyrdy.