«Adam edebinden tanalar, ýurt – tugundan» diýlişi ýaly, baýdak ýurduň milli aýratynlyklaryny görkezýän döwlet nyşanlarynyň biridir. Haýsydyr bir baýdagy göreniňde şol ýurt baradaky aýratynlyklar we millilikler göz öňüňde janlanýar. Esasan hem, halkara sport ýaryşlarynda döwlet baýdaklarynyň görkezilişi has meşhurlyga eýedir. Baýdaklaryň köpüsi biri-birinden tapawutlanýan hem bolsa, käbiri meňzeşligi taýdan saýgarmakda kynçylyk döredýär. Gazetimiziň şu sanynda dünýä döwletlerindäki meňzeş baýdaklar baradaky maglumatlary siziň dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik.

Çad – Rumyniýa

Dün­ýä döw­let­le­rin­dä­ki baý­dak­la­ryň hiç bi­ri-de bu iki­si ýa­ly bi­ri-bi­ri­ne meň­ze­me­ýär. Bu baý­dak­la­ryň be­ze­gi we ulu­ly­gy bir­meň­zeş bo­lup, di­ňe ýa­kyn­dan syn­la­mak ar­ka­ly gök, sa­ry we gy­zyl dik zo­lak­la­ryň ara­syn­da­ky kö­le­ge­li ta­pa­wu­dy saý­ga­ryp bol­ýar. Ru­my­ni­ýa­nyň baý­da­gy gök, sa­ry we gy­zyl dik zo­lak­la­ra esas­la­ny­lyp 1861-nji ýyl­da dö­re­dil­ýär. Asyl be­ze­gin­de ýa­şyl dik zo­la­gy bo­lan Ça­dyň baý­da­gy gök zo­lak bi­len çal­şy­ry­lyp, 1959-njy ýyl­da par­lap baş­la­ýar.

Senegal – Mali

Reňk­le­rin­de bi­raz kö­le­ge öwüşgini bar di­ýäý­me­seň, bu iki döw­le­tiň baý­dak­la­ry ýa­şyl, sa­ry we gy­zyl dik zo­lak­la­ry bi­le paý­laş­ýar­lar. Mun­dan baş­ga-da, Gü­nor­ta Af­ri­ka döw­le­ti bo­lan Se­ne­ga­lyň baý­da­gy Ma­li­niň baý­da­gyn­dan mer­ke­zin­dä­ki ýa­şyl ýyl­dy­zy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.

Indoneziýa – Monako

Gü­nor­ta-gün­do­gar Azi­ýa döw­le­ti bi­len Gü­nor­ta Ýew­ro­pa döw­le­ti­niň baý­dak­la­ry ke­seligine gy­zyl we ak zo­lak­dan yba­rat bo­lup, In­do­ne­zi­ýa­nyň baý­da­gy uzyn­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Pol­şa­nyň baý­da­gy hem bu döw­let­le­riň baý­da­gy­na meň­zeş bo­lup, ak we gy­zyl zo­lak­la­ryň ýe­ri­niň çal­şy­ryl­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.

Täze Zelandiýa – Awstraliýa

Milletler Arkalaşygy döw­let­le­ri bo­lan Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň we Awst­ra­li­ýa­nyň baý­dak­la­ry köp ba­bat­da meň­zeş bol­sa-da, ýyl­dyz­la­ry­nyň ýer­le­şi­şi hem-de sa­ny bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Awst­ra­li­ýa­nyň baý­da­gyn­da bäş sa­ny ýe­di burç­ly ak ýyl­dyz, Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň baý­da­gyn­da dört sa­ny bäş burç­ly gy­zyl-ak ýyl­dyz bar. Şeý­le hem Awst­ra­li­ýa­nyň baý­da­gyn­da umu­my ar­ka­la­şy­gy aň­lad­ýan has uly al­tyn­jy ýyl­dyz hem bar.

Irlandiýa – Kot-d’Iwuar

Bu iki döw­le­tiň baý­da­gy par­lap du­ran wag­ty saý­gar­mak­da kyn­çy­lyk dö­ret­se-de, ada­ty ýag­daý­da ýa­şyl, ak we na­rynç zo­lak­la­ryň ýer­le­şi­şi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ir­lan­di­ýa­nyň baý­da­gyn­da zo­lak­la­ryň ter­ti­bi ýa­şyl, ak we na­rynç gör­nüş­de bo­lup, Kot-d’Iwua­ryň baý­da­gyn­da zo­lak­lar ter­si­ne ýer­leş­ýär.

Norwegiýa – Islandiýa

De­mir­ga­zyk Ýew­ro­pa ýurt­la­ry bo­lan Nor­we­gi­ýanyň we Is­lan­di­ýa­nyň baý­dak­la­ry be­zeg ba­ba­tyn­da meň­zeş bo­lup, bi­ri­niň ýer­li­gi gy­zyl, beý­le­ki­si­niň­ki gök, bi­rin­de gök haç hem-de beý­le­ki­sin­de gy­zyl haç şe­kil­len­di­ri­lip­dir. Da­ni­ýa­nyň baý­da­gy hem düşegi gy­zyl, ak haç­ly şe­ki­li bi­len bu ýurt­la­ryň baý­da­gy­na meň­ze­ýär.

Wenesuela – Ekwador – Kolumbiýa

Sa­ry, gök we gy­zyl zo­lak­la­ry bo­lan bu ýurt­la­ryň baý­dak­la­ry üç reň­kiň bö­lü­ni­şi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Ko­lum­bi­ýa bi­len Ek­wa­do­ryň baý­da­gyn­da­ky sa­ry zo­lak has in­li bo­lup, We­ne­sue­la­nyň baý­da­gyn­da­ky zo­lak­lar deň bö­lü­nip­dir. Mun­dan baş­ga-da, We­ne­sue­la­nyň baý­da­gy­nyň mer­ke­zin­de ýaý şe­ki­lin­de ýyl­dyz­lar hem-de ýo­kar­ky bur­çun­da gerb bar. Ek­wa­do­ryň baý­da­gy­nyň mer­ke­zin­de hem ýur­duň ger­bi şe­kil­len­di­ri­lip­dir.

Lýuksemburg – Niderlandlar

Gün­ba­tar Ýew­ro­pa döw­let­le­ri bo­lan «goň­şu­la­ryň» baý­dak­la­ry bi­ri-bi­ri­ne örän meň­zeş bo­lup, ke­seligine gy­zyl, ak we gök zo­lak­lar ýer­leş­ýär. Ýö­ne bu iki döw­letiň baý­dak­la­ryn­da­ky zo­lak­lar reň­ki­niň go­ýu­ly­gy we açyk­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.

Sloweniýa – Russiýa – Slowakiýa

Ak, gök we gy­zyl zo­lak­la­ry bo­lan bu ýurt­la­ryň baý­dak­la­ry reňk ba­bat­da meň­zeş bo­lup, Rus­si­ýa­nyň baý­da­gy has uzyn bol­ma­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Mun­dan baş­ga-da, Slo­wa­ki­ýa­nyň we Slo­we­ni­ýa­nyň baý­dak­la­ryn­da mil­li gerb­le­ri ýer­leş­di­ri­lip­dir. Bu döw­let­le­riň baý­dak­la­ryn­da­ky zo­lak­la­ryň ter­si­ne – gy­zyl, gök we ak gör­nü­şin­de ýer­leş­di­ri­len Hor­wa­ti­ýa­nyň we Ser­bi­ýa­nyň baý­dak­la­ry hem bar.

Bangladeş – Ýaponiýa

Iki Azi­ýa döw­le­ti­niň hem baý­da­gy­nyň mer­ke­zin­de uly gy­zyl no­kat bo­lup, Bang­la­de­şiň baý­da­gyn­da­ky bu ala­mat ýurt ga­raş­syz­ly­gy­ny, Ýa­po­ni­ýa­nyň baý­da­gyn­da­ky bol­sa, «Gün ül­ke­si» di­ýen ma­ny­ny aň­lad­ýar. Bu ýurt­la­ryň baý­dak­la­ry reň­ki bi­len ta­pa­wut­la­nyp, Bang­la­de­şiň baý­da­gy ýa­şyl, Ýa­po­ni­ýa­nyň baý­da­gy bol­sa ak­dyr.

Meksika – Italiýa

Saý­gar­mak­da köp­lenç kyn­çy­lyk dö­red­ýän baý­dak­la­ryň bi­ri bo­lan Mek­si­ka bi­len Ita­li­ýa­nyň baý­da­gy dik­li­gi­ne ýa­şyl, ak we gy­zyl zo­lak­lar­dan yba­rat bo­lup, Mek­si­ka­nyň baý­da­gy mer­ke­zin­dä­ki ger­bi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Mun­dan baş­ga-da, Mek­si­ka­nyň baý­da­gy Ita­li­ýa­nyň baý­da­gyn­dan has uzyndyr.

Lihtenşteýn – Gaiti

Ýew­ro­pa­nyň ki­çi­jik döw­le­ti bo­lan Lih­tenş­teýn bi­len La­tyn Ame­ri­ka­sy ýur­dy Gai­ti­niň gök we gy­zyl zo­lak­dan dü­zü­len baý­dak­la­ry il­ki­baş­da bi­ri-bi­ri­ne ju­da meň­zeş bo­lup­dyr. 1936-njy ýyl­da Ber­lin­de ge­çi­ri­len to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­na il­kin­ji ge­zek gat­na­şan lih­tenş­teýnliler öz baý­da­gy­nyň Gai­ti­niň baý­da­gy bi­len meň­zeş­di­gi­ni gör­ýär. Hat­da şol Olim­pia­da­da emin ag­za­la­ryn­da hem-de jan­kö­ýer­ler­de bu iki baý­da­gy ta­pa­wut­lan­dyr­mak­da kyn­çy­lyk­lar ýü­ze çyk­ýar. Ne­ti­je­de, Lih­tenş­teýn Gai­ti­den ta­pa­wut­lan­mak üçin 1937-nji ýyl­da döw­let baý­da­gy­na tä­jiň şe­ki­li­ni ýer­leş­dir­ýär. Gai­ti hem soň­lu­gy bi­len baý­da­gy­nyň mer­ke­zine ga­raş­syz­ly­gy ala­mat­lan­dyr­ýan pal­ma­ly ger­bi­niň şe­ki­li­ni gi­riz­ýär.