Syýahatçylyga degişli maglumatlary taýýarlaýan «Tripadvisor» agentligi 2025-nji ýylyň iň meşhur syýahatçylyk ýerlerini mälim etdi. Agentligiň döredilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli ýörite taýýarlanan «Jahankeşdeleriň saýlany» atly sanawyň birinji basgançagynda London şäheri bar. Sanawyň mundan ozalky nusgasynda birinji ýeri eýelän Dubaý bu ýylky sanawda üçünji orna düşdi. Angliýanyň paýtagty iň gowy aşhana sanawynda ikinji, medeni merkezler sanawynda üçünji bolupdyr.
Sanawyň ikinji basgançagyny Bali adasy eýeleýär. Sisiliýa adasy, Pariž, Rim, Hanoý, Marrakeş, Krit adasy we Bangkok degişlilikde ilkinji onluga giripdir. Ýaponiýanyň Osaka, Malaýziýanyň Kuala-Lumpur we Argentinanyň Buenos-Aýres şäherleri hem sanawda özüne orun tapdy. Ýeke gezmegi halaýanlar üçin taýýarlanan sanawda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul, Nepalyň paýtagty Katmandu, Perunyň Kusko we Ýaponiýanyň Kýoto şäherleri bar.
Serdar AKYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Arkadag şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan.