Üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da dün­ýä­niň iň uly kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň sa­na­wyn­da düýp­li öz­ge­riş­lik­ler bol­dy. 30 ýyl mun­dan ozal, bu sa­naw­da hiç hili kom­pa­ni­ýa­sy bol­ma­dyk Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň kompaniýalary ga­za­nan oňyn ne­ti­je­le­ri bi­len sa­naw­da öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­me­gi ba­şar­dy.
«For­tu­ne» žur­na­ly ta­ra­pyn­dan dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy 500 kom­pa­ni­ýa­sy­nyň sa­na­wyn­da Hy­taý ABŞ-dan oz­dur­dy. Dün­ýä­dä­ki iň uly kom­pa­ni­ýa­la­ryň sa­na­wy­ny ne­şir ed­ýän «For­tu­ne 500» tä­ze sa­na­wy­ny yg­lan et­di. 1990-njy ýyl­dan bä­ri ne­şir edil­ýän sa­naw şu ýyl düýp­gö­ter üýt­ge­di.
Hy­taý­da ýer­leş­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ryň sa­ny il­kin­ji ge­zek ABŞ-dan öňe geç­di. Bu ýyl sa­na­wa Hy­taý­dan we Gon­kong­dan 124 kom­pa­ni­ýa go­şul­dy. ABŞ-dan bol­sa 121 kom­pa­ni­ýa «For­tu­ne 500» sa­na­wyn­da or­u­n al­dy. Sa­na­wyň ba­şyn­da 523 mil­liard dol­lar gir­de­ji­si bo­lan ABŞ-nyň bö­lek sa­tuw ägir­di «Wal­mart» bar. On­dan soň­ky üç or­ny de­giş­li­lik­de Hy­ta­ýyň kom­pa­ni­ýa­la­ry eýe­le­di. Olar 407 mil­liard dol­lar­lyk gir­de­ji­si bi­len «Si­no­pec», 383 mil­liard dol­lar­lyk gir­de­ji­si bi­len «Grid» hem-de 379 mil­liard dol­lar­lyk gir­de­ji­si bi­len «Chi­na Na­tio­nal Pet­ro­le­um» at­ly kom­pa­ni­ýa­lar­dyr. Sa­naw­da 5-nji or­ny Ni­der­land­lar­da ýer­leş­ýän «Royal Dutch Shell» eýe­läp, onuň gir­de­ji­si 352 mil­liard dol­la­ra deň­dir.