Amerikaly pop ýyldyz Madonnanyň durmuşy barada kino düşüriler. “Material Girl” atly filmde 63 ýaşly aýdymçynyň keşbini onuň 25 ýaşly gyzy Lurdes Leon janlandyrar. Filmde Madonnanyň ýaşlygy, 40 ýyllyk karýerasy beýan ediler. Filme Diablo Kodi režissýorlyk eder. Filmiň ssenarisiniň hem režissýora degişlidigi mälim edildi. Filmde prodýuser Emi Paskal, Sara Zambreno we Gaý Osiri ýerine ýetiriji prodýuser bolarlar. Madonna sosial media arkaly film hakda beren beýanatynda “Durmuşyň meni bu dünýäde suratkeş, sazanda we tansçy hökmünde görkezmäge synanyşan ajaýyp başdan geçirmeleri barada aýdasym gelýär. Filmiň özeni aýdym-saz bolar. Aýdym-saz meniň ýörejek ýolumy görkezdi, sungata gadam basmagyma sebäp boldy. Aýdylmadyk we ylham beriji hekaýatlar gaty köp we durmuşymyň oňyn we pes taraplaryny sesim we pikirlerim bilen paýlaşyp bilşimden, gürrüň berşimden durmuşym filme öwrülýär” – diýip belledi. Filmde Madonnanyň Miçiganda katolik maşgalasynda önüp-ösmegi, soňra Nýu-Ýorka göçmegi, ahyry halkara ýyldyza öwrülmegi öz beýanyny tapar. Lurdes Leon Madonnanyň iň uly çagasy. Ýyldyzyň Gaý Ritçi bilen nikasyndan Rokko atly bir ogly bar. Pop ýyldyzy Madonnanyň bir gyzy we bir oglundan başga-da hossarlygyna alan 4 çagasy bolup, olar Dewid Banda, Mersi Jeýms we ekizler Ester we Stell Çikkonedyr.