Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, medeniýetimize, sungatymyza çäksiz sarpa goýulmagy medeni gymmatlyklarymyzyň bu günki gün dünýä ýaýylmagy olara bolan gyzyklanmany has-da artdyrýar, şeýle hem halkymyzyň baý medeni mirasynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, geljek nesillere ýetirilmegine gönükdirilen asylly işler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.
Şu günler halkymyz şatlykly wakany – dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegini uly dabara bilen belleýär. Bu hem Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň milli gymmatlyklaryny, senetçiligini, aýdym-saz sungatyny çuňňur öwrenmek, wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak babatdaky asylly başlangyçlarynyň halkara jemgyýetçiliginde giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki döwürde merdana ata-babalarymyzyň ruhy syrdaşyna öwrülip, Babagammar we Aşyk Aýdyň pir ýaly ussatlaryň yhlasyndan, pähim-paýhasyndan dörän dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty nesillerden-nesillere geçirilip, yzygiderli kämilleşdirilip gelinýär.
Parahatçylygyň, dost-doganlygyň, birek-birege ynanyşmagyň nyşany hökmünde ençeme asyrlardan bäri türkmen topragynda belentden ýaňlanyp gelen milli aýdym-saz sungatymyz umumadamzat mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen dutarynyň şirin owazy Berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň we hemişelik Bitaraplygynyň waspy, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetliligiň we dost-doganlygyň mukamy bolup ýaňlanýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Ile döwlet geler bolsa» atly kitabynda «Mahmal ýaly jadylaýjy sesleri we şirin mukamlary bilen bagşylar ülkämiziň owadan giňişliklerini, tebigatyny, şöhratly taryhyny we milli gymmatlyklaryny wasp edipdirler» diýlip bellenilýär.
Dutar we bagşyçylyk – türkmen ruhunyň özeni. Dutar gadym döwürlerden bäri her bir türkmen maşgalasynyň törüniň bezegi bolupdyr. Dutaryň owazy her bir türkmeniň hemişelik hemrasy. Dutar ady rowaýata öwrülen Göroglynyň hem göwün telwaslaryny owaza besläp bilen guraldyr. Dutar beýik Magtymgulynyň oý-pikirlerine sazandarlyk edip bilen guraldyr.
Türkmen dutarynyň mahmal owazy barada gürrüň edilende, milli bagşyçylyk sungatynda öçmejek yz galdyryp giden halka meşhur, ägirt ussatlaryň keşpleri – Garadäli gökleň, Weýran bagşy, Körgojaly, Şükür bagşy, Heleý bagşy, Saýyp eje, Sary bagşy, Oraz Salyr, Garly bagşy, Nobat bagşy, Muhy bagşy, Magtymguly Garlyýew, Mylly Täçmyradow, Pürli Saryýew, Sahy Jepbarow, Ödenyýaz Nobatow ýaly bagşy-sazandalaryň şahandaz syratlary bagşyçylyk sungatynyň diri ensiklopediýasy bolup göz öňüňde janlanýar. Bu ussatlar bagşyçylyk sungatynda täze öwüşginli ýerine ýetirijilik usulyny kämilleşdirmekde öz ukyplaryny, zehinlerini, zähmetini gaýgyrman, halkyň aňynda ebedi ýaşaýarlar.
Hemişe-de bagşy-sazandalaryň il arasynda sarpasy belent bolupdyr. Olar dutary gözüniň göreji deý aýawly saklap, daşyna ýumşak matadan gap geýdiripdirler, guralyny başga birine bermändirler. Halk arasynda dutary bilen gan döküşikli çaknyşygyň öňüni alan Şükür bagşy baradaky gürrüň meşhurdyr.
Dutar diňe azyndan elli ýaşan tut agajyndan ýasalanda onuň owaz berşi-de başgaça bolýar. Wagtyň geçmegi bilen agajam berk bolýar.
Türkmen halk aýdymlarynyň türkmen dutarynda ýaňlanýan milli saz äheňleri halkymyza mahsus özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Türkmen dutarynda mahmal owaz bolup ýaňlanýan milli halk aýdymlarymyz, ilki bilen, adamzat duýgularynyň içki dünýäsiniň çuňlugyny beýan edýär.
Arzuw SARYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň «Medeniýet öýünde režissýorlyk» hünäriniň mugallymy.