Süňk­le­ri­mi­ziň we bo­gun­la­ry­my­zyň sag­dyn bol­ma­gy üçin ze­rur mi­ne­ral­la­ryň bi­ri hem kal­siý bo­lup, ol esa­san, süýt önüm­le­rin­de sak­lan­ýar. Ke­lem hem dü­zü­min­de kal­siý sak­la­ýan bak­ja önü­mi bo­lup, onuň dü­zü­min­de С wi­ta­mi­ni, şeý­le-de bir­nä­çe wi­ta­min bar. Ke­le­miň is­len­dik gör­nü­şin­de kal­siý bo­lup, luk­man­lar bu önü­mi iý­mit sa­na­wy­ňyz­dan aýyr­maz­ly­gy mas­la­hat ber­ýär­ler. Ter ke­lem­de kal­siý we beý­le­ki peý­da­ly mad­da­lar has köp sak­la­nyp, ony çig gör­nü­şin­de iý­mek has-da peý­da­ly­dyr. Mun­dan baş­ga-da, in­jir dü­zü­min­de has köp kal­siý sak­la­ýan mi­we­le­riň bi­ri­dir. Şeý­le hem bu mi­wä­niň dü­zü­min­de gan aý­la­ny­şy­gy üçin ze­rur bo­lan de­mir bar. Kä­di hem be­den üçin ze­rur bo­lan kal­siý, klet­çat­ka ýaly mi­ne­ral­la­ra baý­dyr. Şeý­le hem ys­ma­nak dü­zü­min­de ýo­ka­ry muk­dar­da kal­siý sak­la­ýar.