Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýid Ebrahim Raisi 30-njy sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde dürli ýurtlarda Eýran bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýynlygyň we islegiň bardygyny mälim edip,  -Tehniki we in inženerçilik hyzmatlary boýunça goňşy we beýleki ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda örän oňat esas bar – diýip belledi.

Prezident ýurtda sanjymy üpjün etmek boýunça edilýän tagallalara we bu ugurdaky ösüşlere ýokary baha berdi. Ol sözüniň dowamynda COVID-19 sanjymlaryny öndürýän içerki merkezlere goldaw berilmelidigini, sebäbi importuň hemişe dowam edip bilmejekdigini belledi.

Ebrahim Raisi okuw ýylynyň başyndan mekdeplerde dersleriň başlanmagyna kanagatlanma bildirmek bilen: – Okuw ýylynda sanjymlaryň ýaýbaňlandyrylmagy mekdeplerde we okuw jaýlarynda sapaklaryň geçirilmegine şert döredýär – diýip aýtdy. Prezident hökümetiň esasy wezipesiniň önümçiligi ýokarlandyrmak we iş orunlaryny döretmekden ybaratdygyny belläp, sanjymlaryň giňeldilmegi bilen kärhanalarynyň adaty iş ýörelgelerine dolanyp geljekdigini aýtdy.

Daşary işler ministrliginiň soňky duşuşyklarynda we ýygnaklarynda goňşularda we beýleki ýurtlarda Eýran Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga ep-esli taýynlygyň we islegiň bardygyny bellän, Prezident: – Bu sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyny giňelmek üçin iň oňat ugurlaryň biridir – diýdi.