Efiopiýanyň Bişoftu şäherinde täze halkara howa menziliniň gurluşygyna badalga berildi. Taslamanyň düýbüni tutmak dabarasyna ýurduň Premýer-ministri Abiy Ahmed gatnaşdy. Ol öz çykyşynda bu taslamanyň Afrikanyň awiasiýa infrastrukturasynyň taryhynda iň iri desga boljakdygyny belledi.
Premýer-ministriň aýtmagyna görä, täze howa menzili Efiopiýanyň awiasiýa pudagyny düýpli özgerder we ýurduň yklymyň öňdebaryjy howa merkezleriniň biri hökmündäki ornuny berkider. Bu gurluşygyň zerurlygy Addis-Abebadaky halkara howa menziliniň ýyllyk 25 million ýolagçy geçirmek ukyby bilen düşündirilýär.
Bişoftu howa menzili paýtagtdan, takmynan, 45 km günorta-gündogarda ýerleşer we dört sany uçuş-gonuş zolagy bilen enjamlaşdyrylar. Desganyň geçirijilik ukyby birinji tapgyrda ýylda 60 million ýolagça barabar bolar, gurluşyk doly tamamlanandan soň bolsa bu görkeziji 110 milliona çykarylar. Bu bolsa desgany Afrikanyň iň uly howa menziline öwürer.
Taslamanyň umumy bahasy 10 milliard dollara deň bolup, munuň 2 milliard dollara golaýyny “Ethiopian Airlines” awiakompaniýasy, galan bölegini bolsa karz berijiler üpjün eder. Täze howa menzili “Ethiopian Airlines” kompaniýasynyň dünýä derejesindäki gatnaw ulgamynyň giňelmegine we ýurtda awiasiýanyň ösmegine uly itergi berer.
PDF









