Efiopiýada Gün energiýa bekedi gurlar

93

Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri (BAE) bi­len Efio­pi­ýa Gün elekt­rik be­ke­di­ni gur­mak üçin şert­na­ma bag­laş­dy­lar. Hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de önüm­çi­lik kuw­wa­ty 500 me­ga­wat bol­jak ener­gi­ýa be­ke­di gur­lar. Go­laý­da Efio­pi­ýa­nyň Hö­kü­met Baş­ly­gy Abiý Ah­med Ali res­mi sa­par bi­len Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de bo­lup, ýur­duň Pre­zi­den­ti Şeýh Mo­ham­med bin Za­ýed Al Na­haý­ýan bi­len du­şuş­dy. Iki ýur­duň ýo­ka­ry de­re­je­li ýol­baş­çy­la­ry­nyň ara­syn­da bir­nä­çe ugur­lar­da hyz­mat­daş­lyk et­mek bo­ýun­ça yla­la­şyk ga­za­nyl­dy. Ola­ryň ara­syn­da ener­gi­ýa pu­da­gy hem orun alyp, BAE-niň «Mas­dar» kompaniýasynyň Efio­pi­ýa­da Gün be­ke­di­ni gur­ma­gy üçin şert­na­ma bag­la­şyl­dy.

Oguljan ATAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.