Eger siz ga­lyň geý­nen­di­gi­ňi­ze ga­ra­maz­dan, do­wam­ly üşe­ýän bol­sa­ňyz, on­da sag­lyk bi­len bag­la­ny­şyk­ly düýp­li se­bäp­ler bo­lup bi­ler. B12 wi­ta­mi­niň ýet­mez­çi­li­gi, da­mar­la­ryň da­ral­ma­gy we iý­mit­le­ni­şiň bo­zul­ma­gy ýa­ly ýag­daý­lar be­de­niň tem­pe­ra­tu­ra de­ňag­ram­ly­ly­gy­na öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Ho­wa­nyň so­wuk gün­le­rin­de eliň we aýa­gyň ýy­la­ma­ýan bol­sa, yzy­gi­der­li tit­re­me, gow­şak­lyk hem-de ýa­daw­lyk ýa­ly ala­mat­lar bi­len ýüz­be-ýüz bol­ýan bol­sa­ňyz, mu­nuň se­bä­bi di­ňe bir ho­wa­nyň so­wa­ma­gy bi­len bag­ly däl. Eý­sem, haý­sy ýag­daý­lar üşe­mä­ge se­bäp bol­ýar?
So­wuk ho­wa­da da­şar­da köp wagt ge­çir­mek is­le­me­ýä­ris. Müm­kin bol­du­gy­ça ýy­ly geý­nip, çalt yzy­my­za do­la­nyp gel­ýä­ris. Köp­lenç «Men örän üşe­ýä­rin» diý­ýä­ris. Şeý­le-de bol­sa, üşe­mek di­ňe so­wuk ho­wa bi­len bag­ly däl. Bi­ler­men­le­riň pi­ki­ri­çe, do­wam­ly üşe­mek ga­naz­lyk­dan baş­lap, gal­kan şe­kil­li mä­ziň işi­niň bo­zul­ma­gy, gan aý­la­ny­şy­nyň pe­sel­me­gi, gan­da­ky şe­ke­riň pe­se düş­me­gi we nerw bo­zul­ma­la­ry bi­len bag­la­ny­şyk­ly bo­lup bi­ler.
Üşe­mek be­de­niň tem­pe­ra­tu­ra­sy­ny sak­la­mak üçin te­bi­gy re­ak­si­ýa­dyr. Bu ýag­daý has ýy­gy­laş­sa gyz­dyr­ma, tit­re­me we ys­gyn­syz­lyk ýa­ly ala­mat­lar ýü­ze çyk­ýar. Şeý­le ýag­daý­da luk­ma­na ýüz tu­tup, wag­tyn­da be­jer­gi al­ma­ly.
Gan­da­ky şe­ke­riň muk­da­ry pe­se dü­şen­de beý­ni­niň işi­niň pe­sel­me­gi bi­len bir­lik­de, ça­la­ja so­wu­ga hem tit­räp dur­mak ýa­ly ýag­daý­lar ýü­ze çyk­ýar. Eger be­de­ni­ňiz­de şeý­le duý­du­ryş bar bol­sa, on­da luk­man­çy­lyk bar­lag­la­ryn­dan geç­mek we ke­sel tö­wek­gel­çi­li­gi­ni anyk­la­mak ze­rur­dyr. Do­wam­ly üşe­mek, nä­dog­ry iý­mit­len­mek we ag­ra­myň art­ma­gy süý­ji ke­se­le uçramak howpuny has art­dyr­ýar.
Eger eli­ňiz we aýa­gy­ňyz do­wam­ly üşe­ýän bol­sa, bu ga­naz­lyk ala­ma­ty hem bo­lup bi­ler. Ze­nan­lar­da köp duş gel­ýän bu ýag­da­ýyň se­bä­bi nä­dog­ry iý­mit­len­mek we iý­mit siň­di­riş ul­ga­my­nyň bo­zul­ma­gy bi­len bag­ly­dyr.

Haý­sy wi­ta­min ýet­me­ýär?
B12 we C wi­ta­mi­ni, de­mir hem-de fo­lat ýet­mez­çi­li­gi üşe­mek duý­gu­sy­ny dö­re­dip bil­ýär. Eger bu ýag­daý 10 gün­den geç­se we gaý­ta­lan­ýan bol­sa, luk­man­çy­lyk bar­lag­la­ryn­dan ge­çip, be­jer­gi al­mak ze­rur­dyr. Şeý­le hem ho­wa­nyň so­wuk gün­le­rin­de de­ňag­ram­ly we yzy­gi­der­li iý­mit­len­mä­ge üns ber­me­li. Gök önüm­ler­den taý­ýar­la­nan çor­ba­la­ry we sit­rus mi­we­le­ri köp­räk iý­me­li. Ýe­ter­lik dynç al­ma­ly we öý­de be­de­ni gyz­dy­ry­jy maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­me­li.