Ähli janly-jandarlar iýmitlenmäge zerurlyk duýýarlar. Olaryň köpüsi taýýar iýmiti iýýän bolsa, käbiri aw etmeli bolýar. Käbiri bolsa, edil adam ýaly ekin ekip hasyl alýar. Mysal üçin, belkalar güýzüne beýleki belkalardan bukmak üçin tokaý ir-iýmişlerini gömüp goýýarlar. Soňra bolsa, olar ir-iýmişleri bukan ýerini unudýarlar. Netijede, geljek ýyl olar gögerip çykýar we tokaýyň agaçlarynyň sany artýar.

Ýer ýüzünde ýaşaýan her bir janly-jandar öz ýaşaýşyny dowam etmek, özünden soň nesil galdyrmak isleýärler, ýaşaýyş ugrunda göreşýärler. Iň köp zähmet çekýän jandarlaryň biri hem garynja hasaplanýar. Ýer ýüzünde garynjalaryň millionlarça görnüşi duş gelýär. Her bir garynjanyň özüne mahsus häsiýeti bar. Günorta Amerikada duş gelýän garynjalar bolsa, iýmit hökmünde kömelekleriň köp görnüşlerini ösdürip ýetişdirýärler. Attini garynjalary – “Myrmicinae” urugynyň “Myrmicinae” aşaky toparyna degişli obligat kömelek ösdüriji garynjalardyr. Olar Günorta we Merkezi Amerikada köpçülikleýin duş gelýärler. Bu garynjalaryň 20 urugy we 200-den gowrak görnüşi anyklandy. Olar kömelekler bilen simbioz baglanyşygyny saklaýarlar we olary idedýärler, zyýanly mör-möjeklerden goraýarlar, kömelekler bolsa garynjalary iýmit bilen üpjün edýärler. Attini  garynjalary özüniň zähmetsöýerligi bilen tapawutlanýarlar. Hinlerinde ýörite ýyladyşhanalary bolup, olar 100-den gowrak “Agariсaсeae” görnüşine degişli bolan kömelekleri ösdürip ýetişdirýärler. Attini garynjalary öz arasynda iki topara – ýokarky we aşaky kömelek ýetişdiriji topara bölünýärler. Aşaky topar ýaprak kesiji, kömelekleri goraýjy bolup, ýokarky topar bolsa kömelekleri iýmitlendiriji wezipesini ýerine ýetirýär. Käbir ýagdaýlarda ýokarky topara degişli görnüşleriň hem kömelek ösdürýän görnüşlerine duş gelmek bolýar. Iki topar biri-birinden düýpli tapawutlanýar. Ýagny aşaky toparyň garynjalary “Leuсoсoprineae” uruguna degişli bolup, tagamy we boýy pes bolan kömelekleri ösdürýärler, şeýle hem onuň substraty üçiň guran otlary daşaýarlar. Ýokary topara degişli garynjalar tagamy boýunça süýji we belent boýly kömelekleri ösdürip ýetişdirmek üçin substrat hökmünde täze gögeren otlary, ýapraklary ýygnaýarlar. Bu garynjalar kömelekleri ýörite hinlerinde, käbir ýagdaýlarda bolsa meýdan şertlerinde ösdürip, iň uly kömeleginiň boýy 1-2 santimetre ýetýär. Kömelekler bilen olaryň liçinkalary we ýaş osoblary iýmitlenýär. Attini garynjalarynyň kömelek ösdürýän agromeýdançasy 4 bölege bölünýär. Merjen-kömelekli, droz, generalizirlenen we ýöriteleşdirilen meýdanlar. Merjen-kömelekli meýdanda garynjalaryň 80-den gowrak görnüşi “Apterostigma” urugyna degişli kömelekleri ösdürýärler we olara gözegçilik edýärler.