Türkmenistan dünýä bileleşiginiň howanyň üýtgemegi we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri boýunça tagallalaryna işjeň gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmegi teklip etdi. Şol ýylyň noýabr aýynda sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Mundan başga-da, döwletimiziň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnamasyna laýyklykda geňeşmeler geçirilýär. Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar.
Hazar deňzinde ekologiýa taýdan ýaramaz täsirleriň öňüniň alynmagyna goňşy ýurtlar, hyzmatdaşlar hem-de abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen ýygjam gatnaşykda täzeçil çemeleşmeleri öňe sürýär.
Sebitiň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň biodürlüliginiň artdyrylmagyna, ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, kölüň suwunyň arassalanmagyna we netijeli peýdalanylmagyna gönükdirilen ylmy barlaglar arkaly täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmekde bu taslamanyň ähmiýeti uludyr. Bu ugurda ýörite barlaghanany döretmek we onuň yzygiderli işini ýola goýmak çöl hem-de medeni zolakdaky ösümlikleri, miweli baglary ylmy esasda öwrenmek babatda ygtybarly binýady emele getirer.
Şu ýylyň 4-nji aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen halkara klimat forumyndaky çykyşynda hormatly Prezidentimiz howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatynyň çäginde hemişe aýratyn orny eýeleýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda esasy wezipäniň hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekden hem-de olary durmuşa geçirmek üçin üýtgewsiz şertleri döretmekden ybaratdygyna ünsi çekip, Ýewropa Bileleşiginiň howa gün tertibiniň meseleleri babatda geljegi uly hyzmatdaş hasaplanýandygyny nygtady. Esasy halkara konwensiýalara, şertnamalara we ylalaşyklara, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna hem-de Pariž ylalaşygyna bilelikde ygrarlylyk şeýle hyzmatdaşlyga esas bolup durýar.
Ýeri gelende bellesek, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda hem ekologiýa howpsuzlygy, suw meseleleri, çölleşmä garşy göreşmek, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak baradaky meseleleriň ýurdumyzyň daşary syýasatynyň düýp mazmunynda öz aýdyň beýanyny tapýar. Bu resminamada Türkmenistanyň ekologiýa meseleleri boýunça öz esasy çemeleşmelerinde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň ählumumy, sebit we milli gurallarynyň utgaşdyrylmagynyň we özara biri-biriniň üstüni ýetirmeginiň häzirki döwürde institusional derejede esasy ileri tutulýan ugra öwrülýändiginden ugur alýandygy nygtalýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasy howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, tebigaty aýawly saklamak, suw, ýer we biologik serişdeleri rejeli peýdalanmak, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmeklige hem-de giňeltmeklige özüniň mynasyp goşandyny goşýar.
Läle BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň medisina ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyň mugallymy.