Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň her bir güni uly dabaralara, beýik işlere beslenýär. Eziz Diýarymyza bahar pasly geldi. Daglaryň garlary eräp, daragtlaryň şahalary pyntyk ýaryp, ýere ýyly gidip başlady. Şu möwsümde oba hojalygynda, umuman, ähli ugurlarda gyzgalaňly döwür başlaýar. Mähriban halkymyz baharyň gelmegi bilen rysgal-berekediň köp bolmagynyň şanyna toý toýlaýar. Şeýle hem bahar paslynyň gelmegi bilen bagy-bossanlyga öwürmek baradaky döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda hem ýurdumyzda uly işleriň düýbi tutulýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda tebigaty goramak, daşky gurşawyň ekologiýa taýdan arassalygyny saklamak ugrunda netijeli işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda her ýylda millionlarça düýp agaç nahallary oturdylyp, Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzda ýer-suw baýlyklaryny tygşytly peýdalanmak, haýwanat we ösümlik dünýäsini gorap saklamak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Tebigatyň baýlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek we olardan aýawly peýdalanmak çygrynda milli kanunçylyk binýady pugtalandyrylýar. Berkarar Diýarymyzda daşky gurşawy goramak we onuň abadançylygyny, jemgyýetiň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmak, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmek bilen bagly işler netijeli utgaşdyrylýar. Munuň özi ýurdumyzda daşky gurşawy goramak bilen bagly beýik işleriň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna kybap derejede alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.
Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy gurnalar. Ajaýyp gözellikleri özünde jemleýän güneşli Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler ýetilýän belent sepgitlerde, gazanylýan üstünliklerde has-da aýdyň görünýär.
Milli Liderimiziň taryhy Karary bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ekilýän bag nahallarynyň möçberi artdyrylyp, ýurdumyz boýunça 30 million düýp nahalyň oturdylmagy göz öňünde tutulýar.
Nowruz baýramynyň bellenilýän günleriniň öňýanynda tutuş ýurdumyzda asylly däbe görä, hormatly Prezidentimiziň beýik göreldesine eýerip, şäherleriň we obalaryň, senagat desgalarynyň töwereklerinde, ýol ýakalarynda köpçülikleýin bag, agaç nahallaryny oturtmak işleri guramaçylykly geçiriler. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ekologiki howpsuzlygyny has-da pugtalandyrmaga uly itergi berýär.
Kerim MELÄÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.