Dün­ýä­niň iň uly elekt­rou­lag ba­za­ry bo­lan Hy­taý 2025-njy ýyl­da Ýew­ro­pa­dan soň­ra ikin­ji or­na dü­şer. Ýew­ro­pa­nyň Aw­to­mo­bil ön­dü­ri­ji­le­ri jem­gy­ýe­ti­niň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, 2025-nji ýy­la çen­li Ýew­ro­pa­da sa­tyl­ýan elekt­rou­lag­la­ryň pa­ýy 30 gö­te­ri­me ýe­ter. Şeý­le­lik­de, se­bit il­kin­ji ge­zek Hy­taý­dan öňe ge­çer. 2030-njy ýy­la çe­ni bol­sa, Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da (Be­ýik Bri­ta­ni­ýa hem ha­sa­ba al­nan­da) sa­tyl­ýan ulag­la­ryň 70 gö­te­ri­min­den gow­ra­gy­ny elekt­rou­lag­lar eme­le ge­ti­rer. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Hy­taý­da 2022-nji ýyl­da sa­ty­lan aw­tou­lag­la­ryň 20 gö­te­ri­mi­ni do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­lar eme­le ge­ti­rip­dir. 2030-njy ýyl­da Hy­taý­da sa­tyl­ýan her 10 ula­gyň 6-sy elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­lär. Şeý­le­lik­de, Hy­taý dün­ýä­de bu ugur­da ikin­ji or­na dü­şer.
Be­ril­ýän mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Hy­taý­da elekt­rou­lag sa­tu­wy­nyň ýan­war-sent­ýabr aý­la­ryn­da ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 89,4 gö­te­rim ar­typ, 2,9 mil­lio­na ýe­ten­di­gi mä­lim edil­di. Bu dö­wür­de Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da 25,7 gö­te­rim ar­tyş ha­sa­ba al­nyp, 1 mil­lio­na ýe­ten­di­gi mä­lim edil­di.
Mag­lu­mat­da Ýew­ro­pa­da hä­zir­ki wagt­da insf­rast­ruk­tu­ra­nyň ýe­ter­lik däl­di­gi bel­le­nil­di. Zar­ýad be­ri­ji no­kat­la­ryň 50 gö­te­ri­mi­ne go­la­ýy di­ňe iki ýurt­da (Ni­der­land­lar­da 90 müň, Ger­ma­ni­ýa­da 60 müň) jem­le­nip­dir. Inf­rast­ruk­tu­ra­nyň ýaý­ra­ma­gy­nyň elekt­rou­lag sa­tu­wy­ny gör­ne­tin art­dyr­jak­dy­gy mä­lim edil­ýär.

Aý­na Ýaz­ju­ma­ýe­wa, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.