Ang­li­ýa­da ge­çen aý elekt­rou­lag sa­tu­wy­nyň re­kord de­re­je­de ar­tan­dy­gy mä­lim edil­di. Ozal­ky aý bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, ýurt­da mart aýyn­da­ky ösüş 18,6 gö­te­rim bo­lup­dyr. Ang­li­ýa­nyň mo­tor­ly ulag ön­dü­ri­ji­le­ri jem­gy­ýe­ti­niň (SMMT) mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ýurt­da soň­ky se­kiz aý elekt­rou­lag sa­tu­wy ösü­şi­ni do­wam et­di­rip­dir. Bir aýyň do­wa­myn­da je­mi 287 müň 825 tä­ze aw­tou­lag ýer­le­nip­dir. Şeý­le­lik­de, ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gi 2019-njy ýyl­dan bä­ri iň ýo­ka­ry ösüş ga­za­ny­lan dö­wür bo­lup­dyr. Bu dö­wür­de je­mi ýa­rym mil­lio­na go­laý, umu­my ba­ha­sy 2,7 mil­liard funt ster­lin­ge ba­ra­bar aw­tou­lag sa­ty­lyp­dyr. Al­ter­na­tiw ýan­gyç­ly we gib­rid ulag­la­ryň sa­tu­wy äh­li aw­tou­lag­la­ryň 56,3 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­ti­rip­dir. Ge­çen aý Ang­li­ýa­da 46 müň 626 elekt­rou­lag sa­ty­lyp­dy. Zar­ýad be­ril­ýän gib­rid ulag­la­ryň (Plug-in gib­rid) sa­tu­wy mart­da ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 11,8 gö­te­rim kö­pe­lip­dir.

Döw­let Ça­ry­ýew, Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.