Geçen aý dünýäde elektroulag satuwy 2 milliondan geçip, täze sepgide ýetilipdir. Angliýanyň «Rho Motion» maglumat kompaniýasy sentýabr aýynda jemi 2,1 million elektroulagyň satylandygyny habar berdi. Ýylyň başyndan bäri bolsa, dünýäde 14,7 million elektroulag satylypdyr. Bu döwürdäki satyş geçen ýylyň degişli döwründäkiden 26% ýokary bolupdyr.
Geçen aý satylan ulaglaryň 1,3 milliony hytaýly müşderilere ýetirilipdir. Ýurtda ýylyň başyndan bäri 9 milliondan gowrak ulag satylypdyr. Netijede, umumy satuwyň 61 göterimi Hytaýa degişli bolupdyr.
Gülşat DÖWLETOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.