Ýewropada geçen ýylyň soňky alty hem-de şu ýylyň birinji aýynda elektroulaglara bolan isleg artmagyny dowam etdirdi. 2025-nji ýylyň soňky aýynda sebitde ilkinji gezek elektroulaglaryň satuwy benzinli ulaglaryňkydan öňe geçipdir. Ýanwar aýynda ulaglara bolan isleg birneme pese gaçan hem bolsa, elektroulaglara isleg artmagyny dowam etdiripdir. Ýewropa awtoulag öndürijileri bileleşiginiň maglumatyna görä, geçen aý sebitde täze ulag satuwy 3,5% azalyp, 961 müň 382 bolupdyr. Dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň satuwy bolsa, 14% ýokarlanypdyr. Germaniýa, Italiýa, Ispaniýa we Fransiýa ýaly ýurtlardaky artyş 24-52% aralygynda bolupdyr.
Geçen ýyl Ýewropada satylan awtoulaglaryň 22 göterimi diňe Germaniýada ýerlenipdir.
Güljemal Akmyradowa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
PDF









