“Nissan” kompaniýasy “X-in-1” atly elektroulaglaryň geçiriji ulgamyny işläp taýýarlaýar. Elektroulagyň bu böleginiň 2026-njy ýylda taýýar bolmagyna garaşylýar. Ulagyň bu bölegi önümçiligi 2019-njy ýyldakydan 30 göterim arzanladar. Ýapon kompaniýasy elektroulaglarda oturdyljak motordan, inwertordan we reduktordan ybarat modulýar ulgamy işläp taýýarlaýar.
“Nissan” kompaniýasy 2010-njy ýylda ilkinji bolup “LEAF” elektroulagynyň önümçiligini ýola goýupdy. Kompaniýa elektroulag önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri bolup, bu ugurdaky tehnologiýany yzygiderli kämilleşdirýär. Kompaniýa 2030-njy ýyla çenli 19 sany dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän modeli öndürer. Şeýle hem kompaniýa onýyllygyň ahyryna çenli 8 sany gibrid modeli müşderilere ýetirer.
Seýitmuhommet Babakulyýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
PDF









