ABŞ-nyň «Cheetos» çips öndüriji kompaniýasy çips iýlenden soň, ýagly ellerini süpürmek üçin niýetlenen ýörite balak çykardy. Balagyň jübüsiniň daş ýüzünde sütükli matadan tikilen bölekler bolup, şol ýere yz galdyrman eliňi süpürip bolýar. Şeýle-de balagyň açyk reňki döräp biljek tegmilleri hem gizleýär.