Hytaýda emeli aň gurallary bilen döredilen ilkinji multfilm tomaşaçylara ýetirildi. Multfilmiň 26 bölümden ybarat boljakdygy mälim edildi. Hytaý media topary bilen (CMG) Şanhaý Emeli aň laboratoriýasynyň (SAIL) bilelikde taýýarlanan «Qianqiu Shisong» atly animasiýanyň sungat dizaýny we beýleki işlerinde emeli aňdan peýdalanylypdyr. SAIL filmiň döredilmeginde ses we surat eserleri bilen «okadylan» «CMG Media GPT» atly emeli aň modeliniň ulanylandygyny mälim etdi. Multfilmde nusgawy hytaý şygryýetiniň hekaýatlary gürrüň berilýär. Dowamlylygy 7 minut bolan filmiň gadymy döwürlere degişli sahnalary, gahrymanlaryň dizaýny we animasiýalary şol döwrüň hytaý syýa boýag suratlaryna meňzedilipdir.
Ezizmuhammet ABAÝEW,
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň horeografiýa sungaty bölüminiň mugallymy.
PDF






