“Tagesschau” täzelikler portalynyň habar bermegine görä, Germaniýanyň Internet pudagy assosiasiýasynyň (Eco) sargydy esasynda “Arthur D. Little” maslahat beriş kompaniýasy tarapyndan geçirilen barlaglar, ýakyn bäş ýylyň dowamynda bu ulgamda ortaça ýyllyk ösüşiň 9,7% boljakdygyny görkezýär. Şunlukda, pudagyň girdejisi şu ýylky 245 milliard ýewrodan 2030-njy ýyla çenli 389 milliard ýewro çenli ýokarlanar.
Geçirilen barlaglarda bu ösüşiň iki sany esasy sebäbi görkezilýär. Birinjiden, sanlylaşdyrmak durmuşyň we işiň ähli ugurlaryna aralaşýar. Ikinjiden, kompaniýalar we sarp edijiler emeli aň (EA) tehnologiýalaryndan has ýygy peýdalanýarlar. Emeli aňyň ulanylmagy häzirki zaman dinamikasynyň esasyny düzýär we täze biznes modellerini döredýär.
Oňyn çaklamalara garamazdan, “Eco” düzümleýin ýetmezçilikler we syýasy ýalňyşlyklar sebäpli ykdysady ösüşiň bökdelmegi barada duýdurýar. Esasy mesele – sanly düzümiň, aýratyn-da, maglumatlary işleýiş merkezleriniň üpjünçiliginiň örän pesligidir. Barlaglaryň awtorlarynyň çaklamasyna görä, 2030-njy ýyla çenli Germaniýada IT-merkezleriniň birikdiriş kuwwaty, takmynan, 50% ýokarlanyp, 2,4-den 3,7 gigawata çenli artar. Emma senagat tarapyndan boljak islegiň, azyndan, üç-bäş esse artyp, 12 gigawata ýetmegine garaşylýar. Bu bolsa Germaniýanyň halkara bäsleşiginde has-da yza galmak howpyny döredýär.
Häzirki wagtda ABŞ-nyň kuwwaty Germaniýanyňkydan, eýýäm, 20 esse köpdür. Barlaga görä, goşmaça kuwwatlyklar döredilmese, hasaplama işleri daşary ýurtlara geçiriler, bu bolsa Germaniýanyň sanly özygtyýarlylygyna wehim salar. Internet pudagy assosiasiýasy infrastrukturadaky boşluklaryň esasy sebäplerini süýüm-optiki ulgamlaryň haýal ösmeginde, kiçi we orta telekeçiligiň sanlylaşdyrmak babatyndaky ikirjiňlenmelerinde hem-de platformalar ulgamynda tejribäniň ýetmezçiliginde görýär.
– Eger syýasy taýdan aýgytly ädimler ädilmese, ösüş depgini peselip biler. Emeli aň we awtomatlaşdyrma hasaplama kuwwatyna we ýokary tizlikli ulgamlara bolan islegiň çalt depginlerde artmagyna sebäp bolýar. Emma Germaniýadaky häzirki şertler bazary zerur bolan kuwwatlyklar bilen wagtynda üpjün etmäge mümkinçilik bermeýär – diýip “Eco”-nyň baş direktory Oliwer Zýume belledi.
Germaniýada senagat üçin elektrik energiýasynyň nyrhlarynyň ýokarylygy (bir kilowat/sagat üçin takmynan 23 sent), ÝB-niň ortaça görkezijisinden 25% ýokarydyr. Bu bolsa kärhanalaryň ýerleşjek ýerini saýlamagynda uly bökdençlik döredýär we halkara bazarynda operatorlaryň bäsdeşlik ukybyny peseldýär.