Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­me­gi bi­len luk­man­çy­lyk yl­my hem düýp­li öňe­gi­diş­lik­le­ri baş­dan ge­çir­ýär. Bu öňe­gi­diş­lik­le­riň öze­nin­de bol­sa adam aňy­nyň iň kä­mil önü­mi bo­lan eme­li aň dur­ýar. Eý­sem, eme­li aň luk­man­çy­lyk­da nä­hi­li öz­ge­riş­lik­le­ri ama­la aşyr­ýar we onuň anyk­la­ýyş hem-de be­je­riş iş­le­rin­dä­ki äh­mi­ýe­ti nä­me­den yba­rat?
Ke­se­li nä­çe ir we ta­kyk anyk­la­saň, ony be­jer­mek şon­ça-da aň­sat bol­ýar. Eme­li aň al­go­ritm­le­ri mil­li­on­lar­ça rent­gen su­rat­la­ry­ny, KT we MRT sel­jer­me­le­ri­ni san­ly­ja se­kun­dyň için­de sel­je­rip bil­ýär. Yl­my bar­lag­lar eme­li aňyň rak öý­jük­le­ri­ni ýa-da ýü­rek-da­mar ke­sel­le­ri­niň il­kin­ji ala­mat­la­ry­ny anyk­la­mak­da has ta­kyk ne­ti­je­le­ri be­rip bil­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. My­sal üçin, EA öý­ken rent­ge­nin­de luk­ma­nyň gö­zün­den sy­pan örän ki­çi üýt­geş­me­le­ri saý­ga­ryp, howp­ly ke­se­liň öňü­ni al­ma­ga kö­mek ed­ýär.
Eme­li aň «umu­my be­je­riş» usu­lyn­dan «şah­sy be­je­riş» (Per­so­na­li­zed Me­dicine) usu­ly­na geç­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Nä­ho­şyň ge­ne­ti­ki mag­lu­mat­la­ry­ny we ke­sel ta­ry­hy­ny sel­jer­ýän «akyl­ly» prog­ram­ma­lar şol adam üçin iň ne­ti­je­li der­ma­ny we onuň muk­da­ry­ny ha­sap­lap çy­kar­ýar.
Mun­dan baş­ga-da, tä­ze der­man­la­ryň oý­la­nyp ta­pyl­ma­gyn­da EA uly rol oý­na­ýar. Ozal­lar bir der­ma­nyň sy­nag­lar­dan ge­çip, ula­ny­ly­şa gir­me­gi üçin 10-15 ýyl ge­rek bol­ýar­dy. Eme­li aň mo­le­ku­la­la­ryň öza­ra tä­si­ri­ni wir­tu­al gur­şaw­da mo­del­leş­di­rip, bu möh­le­ti bir­nä­çe aýa çen­li gys­galt­ma­ga kö­mek ed­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da eme­li aň bi­len en­jam­laş­dy­ry­lan ro­bot­lar hi­rurg­la­ryň iň ýa­kyn kö­mek­çi­si­ne öw­rül­di. Ro­bot­lar iň çyl­şy­rym­ly ope­ra­si­ýa­la­ry mik­ros­ko­pi­ýa de­re­je­sin­de ýo­ka­ry ta­kyk­lyk bi­len amala aşyr­ma­ga şert dö­red­ýär. Em­ma eme­li aň luk­ma­nyň or­nu­ny tut­mak üçin däl-de, eý­sem, onuň işi­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek üçin ni­ýet­le­nen­dir. Eme­li aňyň we luk­man­çy­lyk bi­li­mi­niň bir­leş­me­gi sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da tä­ze be­lent­lik­le­re ýet­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.

Hydyr AÝNAZAROW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň terapewtik stomatologiýa kafedrasynyň müdiri, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.