Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, pudaklara innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ýola goýulýar.
Dünýäde sanly tehnologiýalaryň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde emeli aňy ösdürmek boýunça milli çemeleşmeler uly ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagyň kadalaryny işläp taýýarlamagyň, emeli aňyň subýektleriniň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň, şol sanda döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny, hukuklaryny, borçlaryny, jogapkärçiligini kesgitlemegiň, emeli aň tehnologiýalary we önümleri üçin milli ülňüleri hem-de tehniki kadalaşdyryjy namalary işläp taýýarlamagyň zerur bolup durýar. Bu barada 23-nji ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz bu ugurda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.