«Uni­ted Air­li­nes» awia­kom­pa­ni­ýa­sy ýo­lag­çy­la­ry­nyň uçuş­la­ry ba­ra­da­ky so­wal­la­ry­na jo­gap ber­ýän eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny işe girizdi. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýol­baş­çy­sy Jeý­son Bernbaum sy­ýa­hat­çy­lykda bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň ula­ny­lyp bi­lin­jek bir­nä­çe ug­ru­nyň bar­dy­gy­ny bel­le­ýär.
Ýo­lag­çy­la­ra uçuş­la­ry ba­ra­da ha­bar ber­ýän bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň adam däl-de, komp­ýu­ter prog­ram­ma­sy ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän­di­gi­ni aň­mak örän kyn. Eger-de haý­sy­dyr bir se­bäp bi­len uça­ryň uç­ma­ly wag­ty gi­jik­se ýo­lag­çy­la­ra bu ba­ra­da sms ha­ba­ry ýol­lan­ýar. Bu sms-iň teks­ti­ni eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy düz­ýär. Öw­ren­mek uky­by hem bo­lan bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň has köp ugur­da peý­da­la­nyl­ma­gy mak­sat edi­nil­ýär.

Mi­we TE­JE­NO­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.