Russiýanyň Federal salgyt gullugy tarapyndan kazyýet kararlaryny çykarmak baradaky arzalara garamagy awtomatlaşdyrmak boýunça synaglar geçirildi. Geçirilen synaglaryň çäginde emeli intellektiň kazyýet işini işläp taýýarlamagyň wagtyny 84% tygşytlap biljekdigi hem-de kazyýet işiniň kartasyny 96-a çenli dolduryp biljekdigi ýüze çykaryldy.
Synagyň dowamynda Belgorod sebit kazyýetiniň başlygy O.Uskow we “Megafon” bölek satuw kärhanasynyň hukuk edarasynyñ başlygy A.Şugar Sankt-Peterburg halkara hukuk forumynyň (SPBILF-2022) çäginde öz netijeleri barada hasabat berdiler. Olaryň tassyklamagyna görä, awtomatiki usulda işlenip bilinjek bir resminama kazyýete gelen bolsa, köplenç, prosessual ýüztutma kagyz ýüzüne çykýar. Şeýle-de resminamanyň tekstini “tanamakda” ýalňyşlyklaryň sany we ähli artykmaçlyklary elýeterli bolýar. Bulardan başga-da programmanyň wezipeleriniň diňe bir resminamalaryň ykrar edilmegi däl, eýsem, beýleki degişli jikme-jiklikleriň hem aýan edilmegini öz içine alýandygyny belledi. AI maglumatlara esaslanyp, ulgamyň talaplary kabul etmek ýa-da kabul etmezlik we haýsy sebäbe görä karar bermelidigini aýan edýär.
Synagda AI algoritmine esaslanan kazyýet işiniň taslamasy alyndy. Şeýle-de diňe maglumatlaryň näderejede dogry seljerilendigi barlanylyp, resminama redaktirlenildi we faýl kabineti bilen integrasiýa guraldy.
Synaga gatnaşyjylaryň sözlerine görä, taslama iki aý dowam etdi. Şol döwürde AI salgyt ýygnamak boýunça 650-den gowrak bukjany gözden geçirdi we kazylaryň işinii ep-esli azaldyp biljekdigini görkezdi.

Durdymyrat SAPARMYRADOW,
Ahal welaýat kazyýetiniň kazysynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.