Ýüregagyrydan ejir çekýän 40 ýaşly awstraliýaly emeli ýürek bilen 100 günden gowrak ýaşap bilen dünýäde ilkinji adam boldy. Oprerasiýa geçen ýylyň noýabrynda Sidneýde geçirildi. Ol emeli ýürek oturdylan Awstraliýada ilkinji we dünýäde altynjy hassa boldy. Öň şeýle operasiýalar diňe ABŞ-da geçirilýärdi.