Halkara zenanlar güni mynasybetli mart aýynyň başynda ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde baýramçylyk konsertlerini, dürli maslahatlary, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, aýdym-sazly dabaralary, sport ýaryşlaryny, wagyz-nesihat çärelerini geçirmek, yglan edilen bäsleşikleriň jemini jemlemek meýilleşdirilýär. 7-nji martda Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna eýe bolan zenanlara hormatly adyň nyşanynyň we şahadatnamasynyň gowşurylyş dabarasyny, bu hormatly ady alan, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren zenanlara, köp çagaly maşgalalara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylyş dabarasyny hem-de şol gün Mukamlar köşgünde baýramçylyk konsertini guramak göz öňünde tutulýar. 8-nji martda bolsa Söwda-senagat edarasynda aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada 28-nji fewralda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa hasabat berdi.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, mukaddes maşgala ojagyny gorap saklamakda, perzentlerine mynasyp edep-terbiýe bermekde, jemgyýetimiziň agzybirligini has-da berkitmekde eziz enelerimize, zenanlarymyza uly ornuň degişlidigini belledi. Yhlasly zähmeti bilen berkarar Watanymyzyň abraýyny belende göterýän mähriban enelerimiziň Garaşsyz döwletimizde hormat-sarpasy örän ýokarydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda Halkara zenanlar gününiň giňden bellenip geçiljekdigini aýdyp, baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak we bu ada mynasyp bolan zenanlara ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny gowşurmak çärelerini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi.