Dünýäniň görki, ojagyň diregi bolan mähriban enelerimizi hormatlamak, enäniň mertebesini belentde sarpalamak halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň biridir. Enäniň görüm-göreldesi, ýol-ýörelgesi ýaş nesillere terbiýe mekdebidir. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly eseri her ynsanyň kalbyna mähir bolup ornady. Ene mukaddesligini dolulygyna açyp görkezýän bu ajaýyp eser dünýämize täze bir öwüşgin çaýdy. Ene mukaddesligi milli röwüşde beýan edilen bu gymmatly eser mährem enelerimize, gelin-gyzlarymyza goýulýan sarpanyň belentdedigini äşgär edýän söýgi bolup kalplara ýol salýar.

Ene mu­kad­des­li­gi­ni Gahryman Arkadagymyzyň kä­be­si Ogu­la­bat ejä­niň dur­muş ýo­lun­dan hem gör­mek bol­ýar. Ogu­la­bat ejä­niň mil­le­ti­mi­ziň mi­ze­mez gym­mat­lyk­la­ry­nyň, asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri­niň do­wa­mat-do­wam bol­ma­gy, hal­ky­my­zyň iň go­wy däp­le­ri­niň aýaw­ly sak­lan­ma­gy we baý­laş­ma­gy ug­run­da bi­ti­ren nus­ga­lyk iş­le­ri buý­san­ja my­na­syp­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň mäh­ri­ban kä­be­si­niň be­je­ren kür­te­si, şeý­le-de öz eli bi­len ören jo­ra­by Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­niň ba­ha­syz gym­mat­lyk­la­ry­na öw­rül­di. Ogu­la­bat eje di­ňe bir Gahryman Arkadagymyzyň kä­be­si, hormatly Prezidentimiziň ene­si bol­man, eý­sem, tu­tuş türk­men hal­ky­nyň kä­be­si hem ene­si­di. Eli hü­när­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, mi­ra­sy­my­za, mil­li däp-des­sur­la­ry­my­za uly sar­pa goý­ýan mer­te­be­li ze­nan­dy.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň
Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hormatly Prezidentimiz ýur­du­myz­da ze­nan mer­te­be­si­ni be­len­de gal­dyr­mak ug­run­da paý­has­ly sy­ýa­sa­ty alyp bar­ýar. Ýur­du­myz­da ene­le­re, ge­lin-gyz­la­ra go­ýul­ýan sar­pa her bir ra­ýa­ty­my­zy yh­las­ly zäh­me­te ruh­lan­dyr­ýar, jem­gy­ýe­ti­miz­de ge­lin-gyz­la­ryň hu­kuk­la­ry­nyň we azat­lyk­la­ry­nyň go­ral­ma­gy­na ýol aç­ýar. Arkadagly Serdarymyzyň baş­tu­tan­ly­gyn­da Wa­ta­ny­myz­da ene­li­gi go­ra­ma­ga gö­nük­di­ril­ýän mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­riň bar­ha ro­waç­lan­ýan­dy­gy diý­seň buý­san­dy­ry­jy­dyr. Ene mu­kad­des­li­gi be­ýik söz sun­ga­ty­nyň, halk dö­re­di­ji­li­gi­mi­ziň üs­ti bi­len çäk­siz yl­ham, joş­gun bi­len be­ýan edil­ýär. Çün­ki ene – ýa­şaý­şyň göz­ba­şy, äh­li za­dyň sa­ka­sy hök­mün­de ar­zy­lan­ýar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz özü­niň «Enä tag­zym – mu­kad­des­li­ge tag­zym» at­ly ese­rin­de şeý­le bel­le­ýär: «Dün­ýä ene­le­riň mäh­ri­ban­ly­gyn­dan nur­lan­ýar. «Ene» dü­şün­je­sin­den «ene ýer», «ene top­rak», «ene dil» ýa­ly söz dü­züm­le­ri eme­le gel­ýär. Enä­niň dün­ýä­niň baş­lan­gy­jy bol­ma­gy ha­kyn­da­ky dü­şün­je, bu mäh­ri­ban yn­sa­nyň ýa­rat­mak bi­len umu­my­ly­gy­nyň, dün­ýä­de dö­re­di­ji hök­mün­dä­ki te­bi­gy hä­si­ýet­len­di­ril­me­si­niň göz­ba­şy­dyr. Ene­le­riň ba­ha­ra meň­ze­dil­me­gi hem şo­nuň üçin­dir.

Ba­har pas­ly­nyň gel­me­gi­ni te­bi­ga­tyň yn­sa­na ýal­kaw in­de­ren pur­sa­dy di­ýip ka­bul eden ata-ba­ba­la­ry­myz iň gö­zel oý-pi­kir­le­riň ne­ti­je­li­li­gin­de hem ba­ha­ry hem-de oňa mah­sus bo­lan dö­re­di­ji­lik güý­jü­ni gör­ýär­ler. Şo­nuň üçin hem goý­nun­da owa­dan gül­le­ri, bag­la­ry gül­led­ýän, şe­ma­lyň, Gü­nüň, su­wuň ýa­ky­my bi­len de­mi­ne al­ýan mu­kad­des top­rak hem ene­dir».
Maş­ga­la­da, ça­ga ter­bi­ýe­sin­de enä­niň or­ny ulu­dyr. Türk­men oja­gy­nyň ýy­ly­sy, mäh­ri, türk­men öýü­niň eýe­si ha­sap­lan­ýan enä­niň asyl­ly hä­si­ýet­le­ri bi­len bir ha­tar­da, işeň­ňir­li­gi ba­ra­da gür­rüň et­mek hem parz­dyr. Öý-ho­ja­lyk iş­le­ri bi­len bir ha­tar­da, mäh­ri­ban ene­le­ri­miz ne­pis­li­gi, owa­dan­ly­gy bi­len dün­ýä ýü­zü­ne ta­na­lan aja­ýyp türk­men ha­ly­la­ry­ny hem do­ka­ýar­lar. Olar gyz­la­ry­na ha­ly do­ka­ma­gy öw­re­dip, çe­per el hü­nä­ri­ni ne­sil­den-nes­le ge­çi­rip­dir­ler. Biz mil­le­ti­mi­ziň kal­by, buý­san­jy ha­sap­lan­ýan ha­ly­ny, müň­ler­çe ýyl ozal bol­şy ýa­ly, iň kä­mil sun­gat hem-de hiç ha­çan gaý­ta­lan­ma­jak ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­myz di­ýip ha­sap­la­ýa­rys.
Ýur­du­myz­da ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň ylym-bi­lim al­ma­gy, hü­när öw­ren­me­gi, iş­le­me­gi, asu­da, aba­dan we bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, Ga­raş­syz Wa­ta­ny­myz­da ylym­ly-bi­lim­li my­na­syp ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­me­gi üçin döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär, ene­li­gi we ça­ga­ly­gy go­ra­ma­ga döw­let de­re­je­sin­de aý­ra­tyn üns be­ril­ýär.
Şu ýer­de «Enä tag­zym – mu­kad­des­li­ge tag­zym» at­ly eser­de ene­ler ba­ra­da aý­dy­lan pä­him­li söz­le­riň ýe­ne-de bir­nä­çe­si­ni ýat­lap geç­mek is­le­ýä­ris. «Ene – be­ýik­le­ri dün­ýä in­der­ýän be­ýik­lik», «Arş­dan sa­ňa in­de­ri­len iň uly ser­paý – bu ene mäh­ri», «Ada­myň öz mäh­ri­ban­la­ry ba­ra­da­ky ýat­la­ma­la­ry onuň dur­mu­şy­nyň iň gy­zyk­ly we ýa­kym­ly ýat­la­ma­la­ry­dyr», «Ki­çi­lik­de yn­san üçin ene hüw­dü­sin­den ýa­kym­ly owaz, söz hem-de saz ýok­dur», «Per­zent üçin ata-ene uly gö­rel­de, dur­mu­şa söý­gi­niň göz­ba­şy», «Ene­le­re hor­mat goý­mak, ýag­şy­ly­ga do­wa­mat ber­mek, mu­kad­des­li­ge tag­zym et­mek­dir», «Hü­nä­re bo­lan söý­gi­niň ke­ma­la gel­me­gin­de maş­ga­la­da her gün­ki eşi­dil­ýän gür­rüň­le­riň äh­mi­ýe­ti ju­da ulu­dyr».

Da­ýanç MÄ­TI­ÝEW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.