Ýurdumyzda elektrik energiýasynyň ulanylyşynyň netijeliligini üpjün etmek, tygşytly ulanmak, pudaga döwrebap dolandyryş usullaryny girizmek, ekologiýany gorap saklamak hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini ulanmak bilen ýurdumyzyň elektroenergetika pudagyny ösdürmek ugrunda uly işler üstünlikli amala aşyrylýar.
Pudagy ösdürmäge ägirt uly maýa goýumlaryň gönükdirilmegi bilen, soňky ýyllarda energetika senagatynyň önümçilik kuwwaty ep-esli artdy. Munuň özi diňe bir ýurdumyzyň içerki isleglerini kanagatlandyrmaga däl, eýsem, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara eksport edilýän möçberini hem ýylsaýyn artdyrmaga mümkinçilik berýär. Türkmenistanda elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň degişli Konsepsiýasyna laýyklykda, Diýarymyzyň ähli künjeginde dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman gaz turbinaly elektrik stansiýalary, ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlar, paýlaýjy elektrik beketler bina edildi we işe girizildi. Paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň, ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamlary täzelendi. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işleriň çäklerinde soňky ýyllarda onuň düzüminiň üsti gaz turbinaly elektrik beketler, şol sanda Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap, Daşoguz welaýatlarynda gurlan elektrik beketler bilen ýetirildi.
Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwaty 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu iri desga ýurdumyzda kuwwaty boýunça ikinji elektrik stansiýasy bolar. Ol senagat taýdan barha ösýän Balkan welaýatynyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün eder. Stansiýanyň öndürýän elektrik energiýasynyň artykmaç bölegi ýurdumyzyň bitewi halkalaýyn energoulgamyna gönükdiriler, şeýle hem ony goňşy ýurtlara ibermäge mümkinçilik dörär.
2024-nji ýylyň iýunynda möhüm desgalaryň – ýokary woltly Balkan – Daşoguz elektrik geçiriji ulgamyň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan 2 sany elektrik bekediniň açylmagy elektroenergetika pudagynda şanly wakalaryň biri boldy. Munuň özi ýurdumyzda hereket edýän bitewi energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça işleriň üstünlikli tamamlanandygynyň nyşanyna öwrüldi. Halkalaýyn energiýa ulgamy welaýatlaryň we paýtagtymyzyň energiýa ulgamlarynyň arasyndaky özara baglanyşygyň, ätiýaçlygyň üpjün edilmeginiň hasabyna milli energiýa torunyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şonuň netijesinde, sarp edijilere bökdençlik döretmezden, elektroenergetika desgalarynda, beketlerde, elektrik geçiriji ulgamlarda abatlaýyş we döwrebaplaşdyryş işlerini geçirip bolýar.
Soňky ýyllarda energetika senagatynyň önümçilik kuwwatynyň ep-esli artmagy diňe bir ýurdumyzyň energetika garaşsyzlygyny kepillendirmek babatda däl, eýsem, elektrik energiýasyny, ilkinji nobatda, goňşy döwletlere eksport etmek mümkinçiliklerini hem düýpli giňeldýär. Durmuşa geçirilýän iri halkara taslamalar, şol sanda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan (TOP) ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamyň çekilmegi hem şu maksatlara gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda elektroenergetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we düýpli döwrebaplaşdyrmak, bu pudak üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça maksada gönükdirilen işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu işler milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, onuň durnukly ösüşini, ýurdumyzda senagatlaşdyrmagy çaltlandyrmagy, sebitleriň okgunly ösüşini, ata Watanymyzyň halkara energoulgamyna sazlaşykly birleşmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Ataberdi Mommyýew,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri.