Ýewropa Bileleşigi we ABŞ energiýa hyzmatdaşlygy meýilnamasyny yglan etdiler, meýilnamanyň çäginde taraplar ABŞ-nyň suwuklandyrylan tebigy gaz eksportyny giňelder we Ýewropa Bileleşiginiň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek üçin arassa energiýa geçişini çaltlaşdyrar.
Ýewropa Komissiýasy tarapyndan neşir edilen bilelikdäki beýanatda hyzmatdaşlyk meýilnamasynyň şu ýyl Ýewropa bazaryna, azyndan, 15 milliard kub metr suwuklandyrylan tebigy gaz ugratmaga ýardam berjekdigi bellenilýär.
Beýanatda taraplaryň gaýtadan dikeldilýän energiýa we strategiki energiýa hyzmatdaşlygy baradaky taslamalary, şol sanda, deňizdäki ýel tehnologiýasy taslamalaryny meýilleşdirmegi çaltlaşdyrjakdygy, Gün we ýel energiýasynyň ulanylyşyny giňeltjekdigi we arassa we täzelenip bilýän wodorodyň öndürilmegine we ulanylmagyna bilelikde goldaw berjekdigi bellenilýär.
Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen we ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden duşuşygyň öňüsyrasynda bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdiler. Ursula fon der Lýaýen bu duşuşygy energiýa üpjünçiligi babatynda möhüm ädim diýip atlandyrdy.
Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşigi Russiýanyň energiýasyna ep-esli derejede garaşly. Ýewropa Bileleşigi tarapyndan import edilýän gazyň takmynan 40 göterimi, şeýle-de import edilýän nebitiň 30 göterimi Russiýadan gelýär