Maglumata görä, soňky 10 ýylda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşleriniň önümçiligi 144 göterim artyp, 4,4 million megawatdan geçipdir. Halkara Gaýtadan dikeldilýän energiýa agentliginiň soňky taýýarlan maglumatyna görä, 2015-nji ýylda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden alynýan möçberi 1,8 million megawat bolan bolsa, bu görkeziji geçen ýyl 4,4 million megawatdan geçipdir. Bu ösüşe özleşdirilen maýa goýum taslamalary we energiýanyň arassa görnüşlerine bolan islegiň täsiri uly bolupdyr. Agzalan 10 ýyllyk döwürde Ýewropada energiýanyň arassa çeşmeden alynýan önümçiligi 464 müň 14 megawatdan 850 müň 245 megawata çykypdyr. Sebitiň senagat taýdan has ösen ýurdy Germaniýanyň önümçilik kuwwaty 97 müň 228 megawatdan 178 müň 655 megawata ýetipdir. Degişli döwürde Ispaniýa, Fransiýa we Italiýada hem uly ösüş gazanylypdyr.
Maglumatda gidroelektrik beketleriň dünýäde iň köp elektrik energiýasy öndürilýän gaýtadan dikeldilýän görnüş bolmagynda galýandygy bellenilýär. Dünýäde gidroelektrik beketleriniň umumy önümçilik kuwwaty 2015-nji ýylda 1,2 million megawat bolan bolsa, 2024-nji ýylda 16,6 artyp, 1,4 million megawatdan geçipdir. Bu görkeziji Ýewropada 214 müň 429 megawatdan geçen ýyl 225 müň 90 megawata ýetipdir. Gidroelektrik beketlerden elektrik energiýasynyň önümçiliginde Norwegiýa Ýewropada öňdeligi eýeleýär. Ýurtda gidroelektrik beketleriň önümçilik kuwwaty 34 müň 291 megawata ýetipdir.
Degişli döwürde Ýewropanyň önümçilik kuwwaty 597 müň 677 gigawat/sagatdan 605 müň 365 gigawat/sagada ýetipdir. Dünýädäki gidroelektrik beketleriniň önümçiligi bolsa, 13 göterim ýokarlanyp, 3,9 million gigawat/sagatdan 4,4 million gigawat/sagada ýetipdir.

Ilham Kurbanow, Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň Köýtendag etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.