Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar 2030-njy ýyla çenli energiýanyň sarp edilişini 11,7 göterim azaltmak meselesinde ylalaşyk gazandy. Deslapky ylalaşyk ilki bilen Geňeşdäki Hemişelik wekiller komitetine hem-de Ýewropa parlamentiniň Senagat, gözleg we energiýa komitetine hödürlener.
Şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşi hem-de Ýewropa parlamenti energiýanyň sarp edilişi üçin ýyllyk tygşytlamak maksadynyň 2024-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli tapgyrlaýyn artdyrylmagy barada netijä geldi. Agza ýurtlar bu döwürde energiýanyň sarp edilişinde ýyllyk ortaça 1,49 göterim derejesinde azaldar. Agzalýan tygşytlylygyň möçberi 2030-njy ýylyň ahyrynda 1,9 göterime ýetiriler.
Maksatnama görä, döwlete degişli binalaryň umumy meýdanynyň her ýyl ortaça azyndan 3 göterimini täzelemeli bolar.
Bu teklip degişli edaralar tarapyndan kabul edilenden soňra güýje girer.
Serdar Garajaýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby
PDF









