Awstraliýada ýerasty magdanlary çykarýan hünärmenler bu önümi daşamak üçin hiç hili ýangyç ýa-da energiýa sarp etmeýän otlyny döretmegi meýilleşdirýärler. Ýagny, bu otlular hereket etmegi üçin gerek bolan elektrik energiýasyny dolulygyna özi öndürer. Bu otlular ýapgytdan aşak gaýdanlarynda, ýeriň dartyş güýji sebäpli hiç hili energiýa bolmazdan hem hereket edip bilerler. Edil ulagyň ýokardan aşaklygyna özi “tigirlenip” gaýdyşy ýaly. Bu otluda goýuljak generatorlar bolsa, aşaklygyna tebigy güýç bilen gelýän otlynyň aýlanýan tigirlerinden elektrik energiýasyny öndürip, batareýasyna zarýad berer. Toplanan energiýa otlynyň yzyna barmagy üçin ýeterlik bolar. Bu ýerdäki ýerasty magdanlar deňiz derejesinden birnäçe metr uzakda ýerleşýär. Şeýle bolansoň, otly aşaklygyna müňlerçe tonna ýük bilen gaýdyp, ýokaryk boş çykýar. Üstündäki agyr ýük otlynyň aňryýany bilen elektrik energiýasyny öndürmegi üçin ýeterlik bolýar. Jemi uzynlygy 2,8 kilometre barabar bolan, boş agramy 40 müň tonna ýetýän 244 wagonlar arkaly 34 müň 400 tonna demir magdanyny daşaýar. Demir şahtasy deňiz derejesinden 450 metr belentde ýerleşip, 280 kilometr uzakdaky porta bäş sagatda äkidilýär. Işlänip taýýarlanýan batareýalaryň umumy agramy 690 tonna. Bu agramyň özi uly ýük ýaly bolmagy mümkin, emma otlynyň umumy agramynyň bary-ýogy 2 göterimini emele getirýär. Taslamany “Formula 1” ulaglaryny öndürmäge goşant goşýan “Williams” inženerçilik şereketi işläp taýýarlaýar. Jemi bahasy 50 million dollar bolan taslamanyň iki ýylyň dowamynda tamamlanmagyna garaşylýar. Şeýlelikde bu ýerde hereket edýän 54 dizel hereketlendirijili lokomotiw aýrylyp, her ýylda millionlarça litr ýangyç tygşytlanar.