Angliýada geljek ýyl ilkinji nol zyňyndyly transatlantik uçuşynyň başlanjakdygy habar berildi. Ýurtda bu ugurda geçirilen bäsleşikde “Virgin Atlantic” kompaniýasy ýeňiji bolup, 2023-nji ýyldan başlap London bilen Nýu-Ýorkuň aralygynda täjirçilik maksatly ilkinji uçuşy amala aşyrar. “Boeing 787” uçarlarynyň biri bilen amala aşyryljak gatnawynda ösümlik we beýleki ýaglaryň galyndysyndan alnan ýangyçdan peýdalanylar. Bu ýagy ýangyç hökmünde ulanmak üçin uçaryň “Rolls-Royce” kompaniýasy tarapyndan öndürilen hereketlendirijisini üýtgetmäge ýa-da döwrebaplaşrmaga zerurlygyň bolmajakdygy mälim edildi. Şeýlelikde, ýananda az tüsse çykarman howa gämileri her hepde Angliýa bilen ABŞ-nyň iň uly şäherleriniň arasynda gatnar.
Bilermenler awiasiýa pudagynda arassa ýangyç çeşmeleriniň ulanylmagy bilen howa goýberilýän zyýanly gazlaryň mukdaryny ep-esli derejede azaldyp boljakdygyny belleýärler. Häzirki wagtda käbir awiakompaniýalar uçar ýangyçlaryna belli bir derejede arassa ýangyjy garýarlar. Şeýlelikde, howa gämisiniň hereketlendirijisi adatdakydan has az tüsse çykarýar. Geljekde dolulygyna arassa ýangyç öndürilmegiň aladasy edilýär. Täze taslama bolsa, uçar hereketlendirijileri üçin goşmaça çykdajy etmezden arassa ýangyçdan peýdalanmaga mümkinçilik berer. Beýik Britaniýada awiasiýa pudagynyň howa ýetirýän zyýanyny azaltmak üçin “Jet Zero” atly maksatnama durmuşa geçirilýär. Bu maksatnamanyň çäklerinde arassa awiasiýa ýangyjynyň önümçiliginiň giňeldilmegi we we çykdajylaryň azaldylmagy göz öňünde tutulýar. Ýurtda 2030-njy ýyla çenli uçar ýangyjynyň azyndan 10 göteriminiň arassa çeşmelerden alynmagy üçin göz öňünde tutulýar.
Çaryýar Akmyradow, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy
PDF









