ADA­TA kom­pa­ni­ýa­sy en­jam­lar ön­dü­ri­len­de, da­şa­lan­da ho­wa ýe­tir­ýän zy­ýa­ny­ny azalt­mak mak­sa­dy bi­len en­jam­la­ry­nyň göw­rü­mi­ni ki­çeld­ýär. Mu­nuň üçin ýö­ri­te mak­sat­na­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­ýän kom­pa­ni­ýa daş­ky gur­şaw üçin has az zy­ýan­ly mag­lu­mat sak­laý­jy en­jam­la­ry­ny ta­nyş­dyr­dy. Il­kin­ji no­bat­da, ta­nyş­dy­ry­lan “HC300 ECO” daş­ky ga­ty dis­ki­niň (HDD) we “UC310 ECO USB” mag­lu­mat gö­te­ri­ji­si­niň (UFD) daş­ky ga­ba­ra­sy ozal ula­ny­lan ma­te­ri­al­lar­dan ön­dü­ri­lip­dir. Şeý­le hem ha­ry­dyň gap­la­ma­la­ry hem eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ma­te­ri­al­lar­dan ön­dü­ri­lip­dir.
Teh­no­lo­gi­ýa­nyň çalt dep­gin­ler bi­len ös­me­gi esa­san elekt­ron en­jam­la­ryň öm­rü­niň gys­ga bol­ma­gy­na ge­tir­ýär. Ozal­ky ýyl­lar­da bir ge­zek al­nan so­wa­dy­jy ýa-da mag­ni­to­fon ýa­ly tok bi­len iş­le­ýän en­jam on­lar­ça ýyl­lap ula­nyl­ýan bol­sa, hä­zir­ki wagt­da bir ýyl ozal alan te­le­fon eý­ýäm kö­ne ha­sap edi­lip bi­lin­ýär. Bu bol­sa, köp muk­dar­da elekt­ron zi­bi­liň ýü­ze çyk­ma­gy­na ge­tir­ýär. Ne­ti­je­de dü­zü­min­de bir­nä­çe hi­mi­ki se­riş­de bo­lan en­jam te­bi­ga­ta uly ze­per ýe­ti­rip bil­ýär. Önüm ön­dü­ri­ji­le­ri bu ýag­da­ýyň öňü­ni al­mak hem-de çyk­da­jy­la­ry­ny azalt­mak üçin ula­nyş­dan ga­lan ma­te­ri­al­la­ry gaý­ta­dan çig mal hök­mün­de peý­da­lan­ýar.
ADA­TA-nyň tä­ze önüm­le­ri ön­dü­ri­len­de, ho­wa goý­be­ril­ýän zy­ýan­ly ga­zy 48 gö­te­rim azald­ýar. Şeý­le hem bu ýag­daý ge­rek bo­lan çig ma­ly ýa­kyn ýer­den üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rip, ýü­küň da­şal­ma­gy se­bäp­li ho­wa ýe­ti­ril­ýän zy­ýa­nyň öňü­ni al­ýar.
Önüm­çi­lik pro­se­sin­de bol­sa, bu önüm­ler su­wy we ener­gi­ýa­ny has az sarp ed­ýän usul­lar­dan peý­da­la­ny­lyp­dyr. Ösen teh­no­lo­gi­ýa bol­sa, ki­çi­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, has köp mag­lu­mat sak­la­ýan en­jam­la­ry ön­dür­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

Oraz­mu­ham­met Ga­ýy­pow, Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner–teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.