Geçen ýylyň ahyrynda Saud Arabystanynda mirasdüşer şazada Mohammed bin Salman adyndaky köp ugurly stadionyň taslamasy hödürlendi. Täze stadion Er-Riýad şäheriniň golaýyndaky 200 metr beýiklikde ýerleşýän Tuwaýk belentliginde ýerleşer. Stadionyň gurluşyk işleri, dünýä belli ispan gurluşyk kompaniýasy “FCC Construcción” we Saud Arabystanynyň “Nesma & Partners Contracting” kompaniýasy tarapyndan alnyp barylýar. Stadionyň gurluşygy Saud Arabystanynyň dynç alyş we syýahatçylyk megataslamasy bolan “Al-Kiddiýa”-nyň çäginde amala aşyrylar.
Bu stadion dünýäde ilkinji bolup doly seplenen hereketli meýdançalar, öwrülýän üçekler we LED diwarlar bilen enjamlaşdyrylar. LED ekranlarda stadionyň içinde bolup geçýän wakalar we lazer şüweleňleri görkeziler. Ekranyň açylmadyk wagty, Kiddiýa şäheriniň ajaýyp görnüşi tomaşaçylara hödürlener.
Bu üýtgeşik desganyň gurluşyk işleri 2029-njy ýylda tamamlanar we stadion 47 müň tomaşaça hyzmat eder. Şonuň ýaly hem, bu stadion 2034-nji ýylda geçiriljek FIFA Dünýä çempionatynyň geçiriljek meýdançalarynyň biri bolar. Saud Arabystany eýeçilik etjek bu çempionaty 2034-nji ýylyň 12-nji ýanwaryndan 19-njy fewralyna çenli dowam eder. Şeýle-de stadion Saud Premýer ligasynyň toparlary “Al-Hilýal” we “Al-Nasr” üçin öý meýdançasy hökmünde hyzmat eder. Binagärleriň sözlerine görä, desga çölde ýaňy gögerip ugran tohuma çalym eder.