Geljek ýylyň tomsunda ilkinji gezek 3 ýurduň – Demirgazyk Amerika döwletleri Meksikadyr ABŞ-nyň hem-de Kanadanyň bilelikde guramagynda geçiriljek 23-nji FIFA Dünýä Kubogynyň toparçalarynyň bije çekiliş dabarasy şu gije geçiriler. ABŞ-nyň paýtagty Waşingtondaky “Kennedy Center” binasynda geçiriljek bije çekilişe Rio Ferdinand, Weýn Gretski, Tom Bredi, Eli Manning, Şakil O’Nil, Aaron Jaj, Kewin Hart, Heýdi Klum, Denni Ramires, Nikol Şerzinger, Andrea Boçelli, Robbi Williams ýaly tutuş dünýäde tanylýan dürli ugurlaryň wekilleriniň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Bije çekiliş dabarasy Aşgabat wagty bilen 22:00-da başlanar we birnäçe teleýaýlym arkaly halk köpçüligine ýetiriler.

12 toparça paýlanjak toparlar 4 torba ornaşdyryldy. 1-nji torbada ýer eýeleri bilen bir hatarda, Dünýäniň öňdebaryjy toparlary bar bolup, olar Ispaniýa, Argentina, Fransiýa, Angliýa, Braziliýa, Portugaliýa, Niderlandlar, Belgiýa, Germaniýa ýurtlarynyň milli ýygyndylarydyr. 2-nji torbada Horwatiýa, Marokko, Kolumbiýa, Urugwaý, Şweýsariýa, Ýaponiýa, Senegal, Eýran, Koreýa Respublikasy, Ekwador, Awstriýa, Awstraliýa ýurtlarynyň milli ýygyndylary orun alsa, 3-nji torbadan Norwegiýa, Panama, Müsür, Alžir, Şotlandiýa, Paragwaý, Tunis, Kot-d’Iwuar, Özbegistan, Katar, Saud Arabystany, Günorta Afrika bijä goşular. 4-nji torbada Iordaniýa, Kabo Werde, Gana, Kýurasao, Gaiti, Täze Zelandiýa bilen bir hatarda pleý-off tapgyryndan geljek ýygyndylar orun alar.
Şeýle-de, ýer eýelerinden Meksika “A”, Kanada “B”, ABŞ bolsa “D” toparçada çykyş eder.
Çempionat geljek ýylyň 11-nji iýunynda başlap, 19-njy iýulynda hem tamamlanar. Çempionat 3 ýurda degişli 16 şäherde geçiriler.
1-nji torba: Kanada, Meksika, ABŞ, Ispaniýa, Argentina, Fransiýa, Angliýa, Braziliýa, Portugaliýa, Niderlandlar, Belgiýa, Germaniýa
2-nji torba: Horwatiýa, Marokko, Kolumbiýa, Urugwaý, Şweýsariýa, Ýaponiýa, Senegal, Eýran, Koreýa Respublikasy, Ekwador, Awstriýa, Awstraliýa
3-nji torba: Norwegiýa, Panama, Müsür, Alžir, Şotlandiýa, Paragwaý, Tunis, Kot-d’Iwuar, Özbegistan, Katar, Saud Arabystany, Günorta Afrika
4-nji torba: Iordaniýa, Kabo Werde, Gana, Kýurasao, Gaiti, Täze Zelandiýa, UEFA pleý-offuň ýeňijileri (A, B, C, D), Yklymlararasy pleý-offuň ýeňijileri (1, 2)
PDF









