UEFA Çempionlar Ligasynda çärýek finalçylaryň 4-si belli boldy. 1/8 finalyň iň esasy 2 duşuşygynyň birinde garaşylmadyk netije hasaba alyndy. Has takygy, ýaryşyň liga tapgyryny 1-nji orunda tamamlan “Liwerpul” üçin bäsleşik çärýek finaldan öň tamamlandy. Bir hepde öň Parižden iň kiçi hasaply ýeňiş bilen dolanan “Liwerpul” öz meýdançasynda-da esasy wagtda şol hasap bilen asgyn geldi. Şol goly 12-nji minutda Usman Dembele geçirdi. Bu onuň 2025-nji ýyla geçip, geçiren 21-nji goly boldy.

Duşuşygyň esasy wagtynyň galan minutlarynda, şol sanda goşmaça wagtda hasap üýtgemedi. Esasanam ýer eýeleri birnäçe amatly pursatlary döretselerem, olara hasaby deňlemek başartmady. Oýundan soňky penaltilerde-de PSŽ 4-1 hasabynda üstün çykmagy başardy we bassyr 2-nji, umumylykda-da 9-njy gezek çärýek finalçy boldy. PSŽ-niň derwezeçisi Donarrumma Nunýes hem-de Kurtisiň penalti urgularyny saklamagyň hötdesinden geldi.

 

Her 5 ýyldan 11-nji martda

PSŽ topary 3-nji gezek 11-nji martda ýeňiş gazanyp, çärýek finala çykdy. Her 5 ýyldan gaýtalanan bu statistikada PSŽ topary mundan öň 2015-nji ýylda “Çelsini” goşmaça wagtda, 2020-nji ýylda-da “Borussiýa Dortmundy” 1-0 utukan oýnunyň jogap duşuşygynda 2-0 ýeňip, çärýek finala adyny ýazdyrypdy.

Çempionlygyň esasy 2-3 dalaşgäriniň biri hökmünde görülýän “Liwerpul” üçin bolsa ýaryş juda ir tamamlandy.