Et sag­lyk üçin iň peý­da­ly iý­mit­le­riň bi­ri bo­lup, be­lo­gyň çeş­me­si ha­sap­lan­ýar. Be­lok dyr­nak­dan baş­lap, be­den ag­za­la­ry­nyň äh­li­si üçin ze­rur bo­lan mad­da­la­ryň bi­ri­dir. Köp­ler eti her gün iý­me­gi ha­la­ýan bol­sa, kä­bir adam et iý­me­gi ha­la­ma­ýar. Bi­ler­men­ler etiň dü­zü­min­de sak­lan­ýan wi­ta­min­dir peý­da­ly mad­da­la­ry beý­le­ki iý­mit­ler­den hem alyp bol­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Ge­liň, be­lo­ga baý, etiň or­nu­ny tut­ýan iý­mit­ler bi­len ta­nyş bo­la­lyň!

Mer­ji­mek. B wi­ta­mi­ne, fo­la­ta, mar­ga­ne­se, dem­re, be­lo­ga we sü­ýü­me baý iý­mit ha­sap­lan­ýan mer­ji­mek­den, esa­san, çor­ba bi­şi­ril­ýär. Bir şa­kä­se mer­ji­mek çor­ba­syn­da be­den üçin her gün ze­rur bo­lan sü­ýü­miň üç­den bir bö­le­gi sak­lan­ýar. Aş­ga­zan­da tiz öz­leş­ýän bu ýe­ňil­jek çor­ba ada­my uzak wagt­lap dok sak­la­ýar. Be­de­ni kuw­wat­lan­dyr­ýan bu iý­mit aşgazan-içege ulgamyndan baş­lap, ho­les­te­ri­niň de­re­je­si­ni ka­da­ly sak­la­ma­ga we ýü­rek-da­mar ul­ga­my­ny go­ra­ma­ga ýar­dam ed­ýär.
Kö­sük­li önüm­ler. Fa­sol, noý­ba, no­hut ýa­ly kö­sük­li önüm­ler­de köp muk­dar­da be­lok sak­lan­ýar. Ug­le­wo­da, sü­ýü­me, dem­re, fo­la­ta, fos­fo­ra baý bu iý­mit­ler etiň or­nu­ny tut­ýar. A, C we K wi­ta­mi­niň çeş­me­si ha­sap­lan­ýan kö­sük­li önüm­ler be­de­ne güýç be­rip, be­den­de dem­riň siň­me­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýar. Şeý­le hem kö­sük­li­ler­den bi­şi­ri­len ta­gam­lar iý­mit siň­di­riş we süňk­ler üçin peý­da­ly bo­lup, öý­jük­le­riň tä­ze­len­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär.
Sü­le. Bug­da­ýa meň­zeş bu ýum­şak dä­ne­li önüm­de be­lok, mag­niý, sink, fos­for we fo­lat sak­lan­ýar. Sü­le tü­wi we bug­da­ýa ga­ra­nyň­da, has ýo­kum­ly we peý­da­ly ha­sap­lan­ýar. Sü­le­den taý­ýar­la­nyl­ýan ta­gam­lar iý­mit siň­di­riş ul­ga­my­na peý­da­ly bol­mak bi­len bir ha­tar­da, dem­gys­ma­nyň öňü­ni al­ýar. Sü­le ýar­ma­sy ça­ga­la­ryň ösü­şi üçin iň peý­da­ly iý­mit ha­sap­lan­ýar. Sü­le­den taý­ýar­lan­ýan ta­gam­lar çalt siň­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, be­de­ni ze­rur bo­lan wi­ta­min­ler bi­len üp­jün ed­ýär.
Ýa­şyl no­hut. 100 gram ýa­şyl no­hut­da 5 gram be­lok bar. Ter­li­gi­ne we gap­la­nan gör­nüş­de sa­tyl­ýan bu kö­sük­li önüm­den köp­lenç iş­däa­çar we çor­ba taý­ýar­lan­ýar. Ýa­şyl no­hut­da A, C, K wi­ta­mi­ni, köp muk­dar­da sü­ýüm, tia­min, fo­lat we mar­ga­nes sak­lan­ýar. Ýü­rek üçin peý­da­ly iý­mit ha­sap­lan­ýan ýa­şyl no­hut ho­les­te­ri­niň de­re­je­si­ni pe­selt­mä­ge ýar­dam ed­ýär.
Si­ýez bug­da­ýy (bul­gur). Ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri eki­lip ge­lin­ýän si­ýez bug­da­ýy dok dä­ne­si we ýo­kum­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Si­ýez bug­da­ýyn­dan bul­gur ön­dü­ril­ýär. Si­ýez bug­da­ýyn­da iş­le­nen si­ýez bul­gu­ry­na gö­rä, iki es­se köp be­lok we sü­ýüm sak­lan­ýar. Azyk önüm­çi­li­gin­de si­ýez bug­da­ýyn­dan un, aş önüm­le­ri we ýar­ma taý­ýar­la­nyl­ýar. Sa­çak­la­ryň be­ze­gi ha­sap­lan­ýan si­ýez bug­da­ýyn­dan taý­ýar­la­nan ta­gam­lar gan­da­ky şe­ke­ri ka­da­ly de­re­je­de sak­la­ma­ga, iý­mit siň­di­riş ul­ga­my­nyň işi­ni ýe­ňil­leş­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär.
Tü­wi. Uzyn dä­ne­li tü­wü­de ada­ty gör­nüş­le­re ga­ra­nyň­da 1,5 es­se köp be­lok sak­lan­ýar. Tü­wi sü­ýü­miň, mar­ga­ne­siň, mi­siň, fos­fo­ryň we B wi­ta­mi­niň çeş­me­si ha­sap­lan­ýar. In­çe tü­wi siň­me­si ýe­ňil­di­gi bi­len ta­pa­wut­lan­sa, ada­ty tü­wi şi­re­li ta­ga­my bi­len dü­zü­min­de köp muk­dar­da sü­ýüm sak­la­ýar. Tü­wi­niň is­len­dik gör­nü­şi hem sag­lyk üçin peý­da­ly bo­lup, hep­de­de 2-3 ge­zek tü­wü­den taý­ýar­la­nan na­har­la­ry iý­mek mas­la­hat be­ril­ýär. Ada­my uzak wagt­lap dok sak­la­ýan bu iý­mi­tiň gaý­na­dy­lan su­wy aş­ga­zan-içe­ge ul­ga­my üçin has peý­da­ly­dyr.
Hoz. Be­lo­gyň uly çeş­me­si ha­sap­lan­ýan ho­zuň ata Wa­ta­ny Hy­taý we Tu­ran se­bit­le­ri ha­sap­lan­ýar. Hoz de­mir, kal­siý, mag­niý, se­len, fos­for, B6 we E wi­ta­mi­ni öz içi­ne al­ýan, sü­ýü­me we an­ti­ok­si­dant­la­ra baý mi­we­dir. Ho­zuň dü­zü­min­de be­den üçin ze­rur bo­lan ome­ga-3 ýa­gy hem sak­lan­ýar. Her gün 3-4 dä­ne hoz iý­ýän adam has sag­dyn bol­ýar. Hoz be­den­de ýo­kanç­lyk­la­ra gar­şy gö­reş­mek bi­len bir ha­tar­da, ýü­rek bi­len bag­ly tö­wek­gel­çi­lik­le­ri ara­dan aýyr­ýar. Şeý­le hem süý­ji ke­se­liň öňü­ni alyp, beý­ni­niň iş­jeň­li­gi­ni güýç­len­dir­ýär.